Ýaponiýanyň premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini türkmen milli ýygyndy toparynyň Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryndaky üstünlikleri bilen gutlady

Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýosihide Suga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmen milli ýygyndy toparynyň Tokio Olimpiýa oýunlarynda üstünlik gazanmagy bilen gutlady.

«Ýakynda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşan wise-premýer jenap Serdar Berdimuhamedow Siziň Alyhezretiňiziň maňa iberen hatyny gowşurdy. Siziň Alyhezretiňize aladalaryňyz we ünsüňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Sizi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Tokio Olimpiadasynda gazanan üstünlikleri, hususan-da, ýurduňyzyň taryhynda zenanlaryň arasynda agyr atletika boýunça Olimpiýa oýunlarynda ilkinji medala mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» diýlip, Ýaponiýanyň premýer-ministriniň türkmen baştutanyna iberen hatynda aýdylýar.

Ýosihide Suga soňky ýyllarda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň çalt depginde ösýändigini belläp, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hökümetara türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň türkmen tarapyndan başlygy wezipesine girişmegini makullady. Şunuň bilen baglanyşyklylkda ýapon hökümetiniň başlygy iki ýurduň arasyndaky ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyň geljekde giňeljekdigine ynam bildirdi.

Ýosihide Suga, şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentini Çärjew etrabynda bir ýapon şereketiniň gatnaşmagynda gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady.

«Geljek ýyl Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Geljekde hem Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikde giň ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda tagalla ederin. Men azat we açyk Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi üçin «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde gatnaşyklary dowam etmegi maksat edinýärin» diýip, Ýaponiýanyň premýer-ministri öz hatynda nygtady.