Şu gün Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri girizildi. Milli meýilnamalary we maksatnamalary, şol sanda bilelikdäki iş meýilnamalary durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň mynasyp durmuş şertleriniň hem-de raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisidir. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygy Türkmenistanyň tassyklan halkara resminamalarynyň kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz tarapyndan şu ýylyň 17-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde abraýly institutlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda amala aşyrylmaly işleriň esasy ugurlaryna garaldy.

Mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň agzasy bolmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýandygyny bellediler. Toplanan baý tejribä esaslanyp, soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar. BMG, hususan-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, Migrasiýa boýunça halkara guramasy, Halkara zähmet guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen ynsanperwerlik ulgamy ýaly wajyp ugurda netijeli hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.Ýaşlar syýasaty, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, mümkinçilikleri çäkli adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek meseleleri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr.

BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde, ýurdumyz esasy halkara hukuk resminamalaryna, şol sanda adam hukuklary babatda resminamalara goşulyşdy we bu resminamalaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça anyk işleri durmuşa geçirýär. Adam hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak babatda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň esasy wezipelerini durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň hökümeti anyk çäreleri görýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlary bilen, “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy”, “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda gender deňligi boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy”, “Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllar üçin çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy”, “Türkmenistanda 2020 — 2022-nji ýyllar üçin adam söwdasyna garşy durmak boýunça hereketleriň Milli meýilnamasy” we beýlekiler tassyklanyldy hem-de ýerine ýetirilýär.

Çykyşlarda ýurdumyzda demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmek hem-de döwletimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmekde halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň giň gerime we netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlaryndan ugur alyp, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşmeleriniň adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň kanunçylygyna halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny, öňdebaryjy hukuk ulanyş tejribesini ornaşdyrmak babatynda alyp barýan işlerini kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň barşynda öňde durýan wezipeleri, şol sanda Pudagara toparyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we onuň düzümleýin bölümleri bilen hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek boýunça anyk çäreler kesgitlenildi.

Mejlisde beýleki meselelere hem garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.