Biziň halkymyzda “Ähli zadyň sakasy — saglyk” diýen bir ajaýyp aýtgy bar. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan bu dana jümle her birimiziň günde-günaşa, häli-şindi ulanyp ýören jümlämiz. Dogrudanam, gör nähili, dürs aýdylypdyr. Hakykatdanam, hemme zat saglykdan gözbaş alýar. Saglyk bolmasa, ýaşaýşyň gyzygy gaçýar. Sähel başyň agyryp, baldyryň syzlasa, dünýe gözüňe görünmeýär. Şonuň üçin saglyk barada ýaşlykdan alada etmeli. Adam hemişe özüni aýamaly, saglygyny goramaly.
Häzirki wagta bütin dünýä döwletleri uly synagy başdan geçirýär. Ýokanç kesele garşy dünýä boýunça berk göreş alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda bu babatda öňünden uly aladalar edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şol ýokanjyň öňüni almak üçin häzirki günlerde hem zerur bolan ähli çäreler görülýär. Biziň welaýat psihonewrologiýa hassahanamyzyň lukmanlarydyr şepagat uýalary hem bu wajyp göreşde öň hatarlarda bolýarlar. 
Biz bu ugurdaky göreşiň, ilki bilen, arassaçylykdan başlanýandygyny köpçülige düşündirmäge çalyşýarys.
Şeýle hem agyz-burun örtügini dakynmagyň, birek-birek bilen 2 metr aralygy saklamagyň, elleriňi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagyň, otaglary yzygiderli ýelejiredip durmagyň ähmiýetiniň örän uludygyny ilata düşündirýäris. Bu ugurda hassahanamyzyň işgärleri baş lukman Amangeldi Ýagmyrowyň ýolbaşçylygynda netijeli işleri alyp barýarlar. Aýratynam, uly şepagat uýasy Dünýägözel Saryýewa, şepagat uýasy Aknabat Nursahatowa hem-de şepagat dogany Maksat Hydyrow, kiçi şepagat uýasy Tawus Orazowa işjeňlik görkezýärler. 
Biziň esasy maksadymyz hassahanamyza ýüz tutup gelýän näsaglary güler ýüz, mähir bilen gurşap almakdan ybaratdyr. Biz şeýle hem edýäris.