Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek maslahat berilýär. Howadaky tozan bölejikleriniň dem alyş ýollaryna düşmegi dem alyş ýollarynda, öýken öýjüklerinde olaryň çöküntgileriniň emele gelmegine getirip biler. Dem alyş ýollarynda dörän çöküntgiler bolsa, dem alyş ýollaryny daraldyp, öýken öýjüklerinde gyjyndyrma döredýär. Bu bolsa dowamly üsgülewük, gakylyk toplanmak ýaly nogsanlyklara getirip biler. Şol sebäpden, agyz-burun örtügini ulanmak dürli respirator ýokançlar bilen bir hatarda howanyň düzümindäki tozan bölejiklerinden hem goraýar.

Özüňizi we töweregiňizdäki ýakynlaryňyzy dem alyş ýollary bilen geçip biläýjek ýokançlardan goramak üçin, agyz-burun örtügini kada laýyk ulanmalydyr. Bir     gezek   ulanylýan  agyz- -burun örtükleri 2 sagatdan uzak wagtlap ulanylmaly däldir. Ulanylandan soň, polietilen halta ýerleşdirmeli we şondan çykarman, ýok edilmelidir. Agyz-burun örtügi çykarylmazyndan öň we soň hökmany elleri sabynlap ýuwmaly hem-de zyýansyzlandyrmaly. Agyz-burun örtügi bagjyklarynyň ýa-da gulaga dakylýan halkalarynyň yz tarapynyň aşagyndan tutup çykarylmalydyr. 

Agyz-burun örtüginiň sizi we ýakynlaryňyzy dürli ýokanç kesellerden we howanyň düzümindäki tozan bölejiklerinden goraýandygyny unutmaň!