Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny gorap saklamakda, ýokanç kesellere garşy göreşi güýçlendirmekde uly aladalar edilýär. Halkyň saglygyny goramakda alnyp barylýan işlerden ugur alyp, biziň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän gullugymyzyň işgärleri hem etrapda möhüm işleri alyp barýarlar. Olar ýerlerde bolup ilatyň gür ýerlerinde arassaçylyk işlerini we ýokanç kesellere garşy göreşmek işlerini talabalaýyk alyp barmakda özleriniň lukmançylyk maslahatlaryny halk köpçüligine ýetirýärler. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, keselleriň ýaýramagyna garşy köpçülikleýin göreşmek janymyzyň sag bolmagynyň, ömrümiziň uzak bolmagynyň kepilidir. 

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini her bir raýatyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak arkaly ilatyň sagdyn we uzak ýaşamagyny gazanmak üçin döwlet möçberinde uly tutumly işler amala aşyrylýar. Bu babatynda sport we bedenterbiýe ugry hem çalt depginler bilen ösdürilýär.