Akkordeon ýaly telewizor

Germaniýanyň «Porsche Design Studio» kompaniýasy täsin telewizory tanyşdyrdy. «Robb Report» neşiriniň habaryna görä, enjam dörde eplenýär. Telewizory eplemek üçin ýörite halkalar göz öňünde tutulypdyr. Enjamyň içindäki «microLED» ekrany bäş bölümden ybarat. Muňa garamazdan, telewizorda hiç hili çarçuwa ýok. Telewizorynyň ululygy 165 dýuým, durulygy 4K, ýagtylygy 1000 nit. Global bazara hödürlenen telewizoryň 400 dollardygy mälim edildi.