Beýik ogullary, beýik şahsyýetleri mähriban eneler kemala getirýär. Eziz Arkadagymyz, Oguz han atamyz, Gorkut atamyz, Görogly begdir Magtymguly atamyz ýaly beýik ogullary beren türkmen eneleriniň dowamaty dowam bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eneleri, zenanlary döwletlidir. Şeýle eneleri bolan millet bagtlydyr.

Aýal-gyzlar ýaşaýşyň, rowaçlygyň, kämilligiň, öý- -ojaklaryň şuglasy saýylýar. Türkmen halkymyz zenanlary ýüzüniň tuwagy, ary-namysy, maşgala ojagynyň eýesi hasaplap, sarpa goýup gelipdirler. Zenanlar maşgala ojagynyň ýylysyny, jemgyýetiň ahlak binýatlaryny, däplerini gorap saklapdyrlar we bu ýol-ýörelgäni biziň günlerimize çenli ýetiripdirler. Döwlet Baştutanymyzyň gelin-gyzlara goýýan hormaty biziň zenan kalbymyzy diýseň begendirýär, joşdurýar. 

Biziň mähriban enelerimiz, güler ýüzli gelin-gyzlarymyz edebiýatymyzda hem giňden şöhlelenýär. Olaryň waspy geçmişimizde-de, şu günümizde-de çeper beýan edilýär. 

Eziz Diýarymyzda zenan, ene mertebesi günbe-günden belende galýar. Zenanlar öz ýurdumyza, mähriban Prezidentimize, beýik işleriň, beýik ösüşleriň, ajaýyp özgertmeleriň mekanyna guwanýarlar.