Algebranyň atasy

 

Biz şu ýazgymyzda Türkmenistanyň çäginde, esasan, VIII — IX asyrlarda ýaşap geçen, ensiklopediki ylmyň düýbüni tutan Abu Japar Muhammet ibn Musa al-Horezmi (780 — 850 ý.ý.) hem-de onuň döwürdeşleri hakynda durup geçmekçi. Muhammet ibn Musa al-Horezmi tutuş musulman Gündogarynyň iň ajaýyp, iň beýik alymlarynyň biri saýylmak bilen, takyk ylymlaryň — matematikanyň, astronomiýanyň kemala gelmegine, ösmegine ägirt uly goşant goşdy. Akyldaryň döredijiligi umumadamzat medeniýetiniň we ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Dünýä ylmynyň taryhnamasynda Gündogarda IX asyryň birinji ýarymynyň «al-Horezminiň döwri» diýlip ykrar edilmegi muňa aýdyň subutnamadyr.

Muhammet Musa al-Horezmi algebra ylmynyň «atasy» hasap edilip, onuň ady Ýewropadaky häzirki zaman matematika ylmynyň kemala gelmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Akyldar gadymy Hindistanyň, Gresiýanyň, Orta Aziýanyň we Hytaýyň ylmy nazaryýetini öwrenmekde, seljermekde we ösdürmekde örän ähmiýetli işleri ýerine ýetirdi. Hut şonuň üçinem alymyň ylmy işleri soňky XVII — XVIII asyrlarda Gündogaryň we Ýewropanyň anyk we tebigat ylymlarynyň ösmegine düýpli täsir edipdir. Beýik alymyň ýaşan wagtyndan bäri, müň ýyl gowrak wagt geçen hem bolsa, dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň onuň galdyryp giden ylmy mirasyna goýýan sarpasy hem-de ony öwrenmeklige bolan islegi ýokarylygyna galýar.

Muhammet Musa Horezminiň ylmy işleri dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi, hemmetaraplaýyn öwrenilip, seljerilip, olara degişli düşündirişler berildi. Biziň wagtymyza çenli alymyň ylmy mirasy ylmy galkynyşyň, akyl-paýhasyň dabaralanmagy üçin hyzmat edip gelýär.

Akyldar Horezm ýurdunda doglupdyr. VIII asyryň ahyrynda ýurdumyzyň demirgazyk etraplary horezmli Afrigidler şanesliniň (305 — 995 ý.ý.) täsirindedi. Ol merkezi şäher bolmagyna garamazdan, onda kämil bilim alar ýaly okuw jaýlary bolmandyr. Şonuň üçinem geljekki alym başlangyç bilimi Gürgençde alan hem bolsa, şol ýyllarda Ýakyn we Orta Gündogaryň iň gadymy we uly medeni merkezleriniň biri bolan Merwde okuwyny dowam etdiripdir. Muhammet Musa Horezmi örän ýaş, zehinli, geljegine umyt bagladýan alym hökmünde özüni tanadypdyr.

Alymy Merw köşgüne çekipdirler. Merw şol ýyllar Abbasylar halyflygynyň gündogar welaýatlarynyň, şol sanda Horasanyň uly şäherleriniň biri bolup, ony, mirasdüşer şazada al-Mamun (813 — 833 ý.ý.) dolandyrýar. Ol sowatly, haddat ynsanlara howandarlyk edýär. Sebäbi welaýatda alnyp barylýan dürli ýerüsti we ýerasty binalary, şaýollary, suwaryş desgalaryny gurmak, kiçi aralykdaky menzilleri ölçemek ýaly işler ylmyň ösdürilmegini talap edipdir. Muhammet ibn Musa al-Horezmi hem bu işlerden çetde galmandyr. Ol bu şäherde 820-nji ýyllara çenli ýaşapdyr we döredipdir.

Akyldaryň kakasy Musa hem öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Emma ol otparazlyga uýupdyr. Musa VIII asyryň togsanynjy ýyllarynda Merwe göçüp gelipdir. Sebäbi, ýokarda belleýşimiz ýaly, şäherde ylmyň dürli ugurlary boýunça çuňňur bilim almaga doly mümkinçilikler döredilipdir.

Şol döwürde alymyň ömründe we döredijiliginde düýpli öwrülişikler bolup geçýär. Bagdat şäherinde, ady «Müň bir gijäniň» ertekilerine giren halyf Harun ar-Reşid (763 — 809 ý.ý.) aradan çykýar. Onuň mirasdüşerleriniň arasynda tagt üstünde gazaply söweş gidýär. Ol uzak dowam etmeýär. Halyfyň tagtyny al-Mamun eýeleýär. Abbasylar halyflygynyň paýtagty hökmünde Merw yglan edilýär. Bu şäher bäş ýylyň dowamynda musulman dünýäsiniň merkezi bolýar. Adalatly halyf al-Mamun şäheri mundan beýläk hem abadanlaşdyrmaga üns berip ugraýar. Merwe alymlar, şahyrlar jemlenýär. Ýöne täze halyf al-Mamun döwlet öwrülişiginden ätiýaç edip, halyflygyň merkezini Bagdada geçirýär. Ol şu ýyllaryň içinde özüniň çuňňur zehini bilen özüni ykrar etdiren Muhammet Musa Horezmini hem paýtagta çagyrýar. Elbetde, alym uzakdaky şähere öz kärdeşleriniň iň bilimlilerini, şol sanda ýaşlary hem alyp gidipdir.

Ol Bagdatda meşhur «Bagt al-Hikma» ylymlar ojagyna ýolbaşçylyk etmek bilen, orta asyryň bu özboluşly ylymlar öýi özünde medresäni we kitaphanany birleşdiripdir. Kitaphanada şol wagtlarda meşhur bolan dürli dillerdäki (grek, latyn, hindi, pars) golýazmalar göçürilipdir, terjime edilipdir. Bu ýerde Muhammet ibn Musa al-Horezmi matematika, algebra, jugrafiýa, astronomiýa we taryh boýunça ajaýyp ylmy işlerini ýazypdyr. Maglumatlardan aýan bolşy ýaly, alym on ikiden gowrak ylmy eserleri döredipdir. Muhammet Musa Horezminiň galamyndan çykan işleriň hemmesi musulman Gündogar dininiň we ylmynyň ýörgünli dili saýylan arap dilinde ýazylypdyr.

Alymyň arap dilinde ýazylan «Kitap al-Jebr wal-mukaballa» («Dikeltmekligiň we garşy goýmaklygyň kitaby») eseri ylmyň taryhynda uly meşhurlyk gazandy. XII asyrda traktat Ispaniýada latyn diline geçirilipdir. Al-Horezmi nisbesiniň latynlaşdyrylan (Algorithmi) görnüşi «logarifm» matematiki adalgasynyň manysyny berip, matematika arifmetikanyň aňlatmasy bolup girdi. Bellenmeli delil, eseriň 1342-nji ýylda göçürilen ýeke-täk golýazmasy Londonyň Oksford uniwersitetiniň kitaphanasynda saklanylýar. Emma alymyň astronomiýa degişli işiniň arapça nusgasy saklanmandyr. Muňa garamazdan, ol latynça terjime edilip, Londonyň, Madridiň we Parižiň golýazma hazynalarynda, şonuň ýaly-da Stambulyň Aýa Sofiýa golýazma hazynasynda saklanylýar.

Beýik alymyň meşhur «Taryh» atly uly göwrümli eseri biziň wagtymyza çenli doly saklanmandyr. Ondan diňe käbir bölekler, parçalar orta asyryň dürli çeşmelerinde teswirlenipdir. Alymyň eserinde möhüm taryhy wakalaryň käbirleri aýry-aýry ýyllar boýunça yzygiderli beýan edilipdir. Mysal üçin, onda Aleksandr Makedonskiniň we Ibn Badrunyň doglan ýyllary hakyndaky maglumat getirilipdir. Alym bu senäniň hijri-kamary ýyl hasabyndan 993 ýyl ozal bolandygyny teswirläpdir.

Beýik alymyň 824 — 847-nji ýyllar aralygynda «Ýurtlaryň ilat ýaşaýan ýerlerini şekillendirmek», «Ýeri suratlandyrmak ýa-da ilat ýaşaýan dörtden bir bölegini suratlandyrmak» atly Ýeriň geografiki kartasynyň diňe latyn dilindäki nusgasy saklanypdyr, «Wesýetler hakynda kitap» (latynça golýazmasy Oksford uniwersitetiniň kitaphanasynda saklanylýar), «Ýeri şekillendirýän ikinji kitap» (latynça golýazmasy Strasburg uniwersitetiniň kitaphanasynda saklanylýar) uly ähmiýetli eserlerdir. Bularda dürli anyk we ynsanperwer ylymlar bilen bir hatarda gymmatly taryhy maglumatlar berlipdir.

XII asyrdan başlap, soňky ýüzýyllyklaryň dowamynda Muhammet Musa Horezminiň ylmy mirasy Gündogar bilen Günbatary, Kiçi Aziýa bilen Ýewropany, Hindistan bilen Orta Aziýany birleşdirýän özboluşly medeni köpri bolup hyzmat edipdir. Alymyň işlerinde orta asyrlardaky diňe bir syýasy wakalaryň däl, eýsem, ýurtlaryň maddy we ruhy ýaşaýşyna degişli ýyl ýazgylary alnyp barlypdyr. Umuman, Bagdatdaky «Akyldarlar öýüniň» alymlary Ýeriň ýüzünde bolup geçýän hadysalaryň älem bilen gös-göni baglanyşyklydygyny ykrar etmek bilen, ýyldyzlaryň, planetalaryň hereketini seljermek arkaly tebigy hadysalaryň bolup geçýändigini anyklamaga synanyşypdyrlar.

Muhammet Musa Horezminiň astronomiýa degişli tablisalary we kartalary harby ýörişlerde, söwda aragatnaşyklarynda, alys ýurtlara zyýaratlarda ýolgörkeziji gollanma bolup hyzmat edipdir. Alymyň geometriýa degişli hasaplamalary tejribe ähmiýetine eýe bolupdyr. Bagdat, Damask, Merw, Gürgenç, Samarkant we Buhara ýaly uly söwda-ykdysady hem-de medeniýet merkezlerde binagärlik desgalary (köşk, metjit, kümmet, minara) gurmakda arhitektorlar, inženerler ol hasaplamalardan peýdalanypdyrlar.

Ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, Bagdatda beýik alym bilen ençeme horezmli we horasanly alymlar hem işläpdirler. Olardan Ahmed ibn Kasyr al-Fergany, Ahmed ibn Abdallah al-Merwezi (Hebeş al-Hesip), Ýahýa ibn Abu Mansur al-Merwezi, Halyd ibn Abdylmälik al-Merwerudy, ogly Muhammet ibn Halyd, agtygy Omar ibn Muhammet al-Mermerudy ýaly ylymda öz yzlaryny galdyran alymlary ýatlamak bolar. Bularyň hemmesi Muhammet Musa Horezmini öz halypalary saýypdyrlar.

Halyf Al-Mamun ölçeg gurallaryny ýasamagy we şol esasda hasaplamalary işläp düzmegi Ýahýa ibn Abu Mansur al-Merwezä tabşyrypdyr. 828-nji ýylda onuň ýolbaşçylygynda Mosul (Yragyň ýerinde) şäheriniň ýanynda Ýeriň ululygyny kesgitlemek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barlypdyr. Bu işler alymyň meşhur «Ýahýanyň tablisasy» işinde öz beýanyny tapypdyr.

Halyd ibn Abdylmälik al-Merwerudy Ýeriň meridianyny ölçemek işine ýolbaşçylyk eden alymlaryň biri hökmünde dünýä ylmynyň taryhyna girdi. Şol bir wagtyň özünde Bagdat, Damask we Merw obserwatoriýalarynyň işine hem ýolbaşçylyk edipdir. Onuň agtygy Omar ibn Muhammet al-Merwerudy astronomiýa boýunça «Ýyldyzlaryň özara dartylmagy: deň agramlylygy», «Astrolýaby taýýarlamagyň gollanmasy» eserlerini döredipdir. Şu ýerde bellenmeli delil, astrolýaby (ýyldyz terezisi) Günbatar Ýewropada XVI — XVII asyrlarda, Russiýada bolsa XVIII asyrda peýdalanmagy bilipdirler.

Sözümizi jemläp, biz anyk ylymlar bilen meşgullanan, ylmyň taryhynda öçmejek yz galdyran dünýä belli meşhur alym Muhammet ibn Musa al-Horezmi hem-de onuň döwürdeşleri hakynda durup geçdik. Aslynda VIII — XII asyrlarda ýurdumyzyň häzirki ýerlerinde anyk ylymlaryň hakyky «altyn asyry» bolupdyr. Bu durmuşyň kanuny talabydy. Sebäbi şol döwrüň öňdebaryjy adamlary ylmyň durmuşdaky örän uly ähmiýetine dogry düşünipdirler.