«Apple» kompaniýasy aprel aýynda kämilleşdirilen prosessor bilen täze planşet modelini hödürlär. Kompaniýa munuň bilen birlikde «iPad Pro» seriýasyny täzelemegi meýilleşdirýär. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär. Şeýle hem «iPad Pro» üçin ulanyljak täze prosessor, täze «MacBook Air», «Pro» we «Mac mini» we «Apple M1» ýaly güýçli işlär. Mundan başga-da planşetde diňe bir onuň täzelenen görnüşli prosessory enjamlaşdyrylman, eýsem ony ýokary hilli kamerasy bilen üpjün etmek isleýärler. Täze çykjak model häzirki «iPad Pro» planşetine meňzeş bolar, ekranyň ululyklary degişlilikde 11 dýuým (takmynan, 27,9 sm) we 12,9 (32,7) bolmagyna garaşylýar. Kompaniýa bu planşetiniň ekranyny mini-LED bilen enjamlaşdyrmak isleýärler. Ol funksiýa suratlary ýagty we gowy hilli görkezer. Emma täze önümlerde ulanylýan käbir tehnologiýalar ilkinji gezek «Apple» planşetlerinde ulanylar. Täze enjamy barlamak üçin hünärmenler «Thunderbolt» birleşdirijisini ulanypdyrlar. Kompaniýa 2021-nji ýylyň ahyrynda bolsa ýene-de iki «iPad» enjamyny hödürläp biler.