«Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşyk geçirdi. Şol duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň öňünde ýurdumyzy täze derejelere çykarmaga halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan hem ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary taýýarlamak, döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada birnäçe wezipeler goýuldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşynyň sanly ulgam arkaly geçirilen 14-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy bar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, telekeçiligi, hususy başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady we maliýe şertlerini döretmek boýunça uly işler amala aşyryldy we aşyrylýar. Şol işleriň hatarynda salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçilik işini hasaba almagyň hem-de güwälendirmegiň tertibini ýönekeýleşdirmek, ýeňillikli karzlaşdyrmak we beýlekiler bar. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny, ony amala aşyrmagyň usullaryny kesgitleýän hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasyny taýýarlamak we amala aşyrmak işinde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän täze Kanun möhüm ähmiýete eýedir. Bu Kanunyň kabul edilmegi «Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge, telekeçileriň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halkara ölçeglerine kybap gelýän önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmaklaryna oňyn ýardam eder. «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary hem özleri hakdaky aladalara mynasyp jogap edip, yhlasly zähmet çekýärler we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna uly zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Welaýatymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň her birinde Arkadagly eýýamyň ösüşleriniň bedew bady, ýurdumyzyň parahatlygy we halkymyzyň agzybirligi aýdyň duýulýar. Welaýatymyzyň merkezi Mary şäherinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Mary Halkara howa menzili guruldy. Demirýol menziliniň durky täzelendi. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň, welaýat kitaphanasynyň, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, «Mary» myhmanhanasynyň, Gurbanguly Hajy metjidiniň, saglygy goraýyş we anyklaýyş, «Ene mähri», «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» lukmançylyk merkezleriniň, Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň, welaýat çagalar hassahanasynyň ajaýyp binalary şäherimize görk berip, ildeşlerimizi çäksiz buýsandyrýar. Şäherçelerimiz, obalarymyz şäherlere bäs edip, göreni haýrana goýýar. Garagum sährasynyň goýnunda ýerleşýän Bagtyýarlyk, Döwletli zaman şäherçelerini bu gün görmäge göz gerek. Bu şäherçeler Arkadag Prezidentimiziň aýdyň maksatnamalary esasynda gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle hem Oguzhan etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde döwrebap obanyň, Wekilbazar, Sakarçäge, Türkmengala etraplarynda nusgalyk şäherçeleriň, welaýatymyzyň çäginde mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet we saglyk merkezleriniň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary dowam etdirilýär


Çäginden Murgap, Garagum derýalarynyň akyp geçmegi Saryýazy, Hanhowuz suw howdanlarynyň hereket etmegi welaýatymyzda oba hojalyk toplumynyň ösmegini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda babadaýhanlaryň iň häzirki zaman tehnikalar, ýokary hilli tohumlar, dökünler bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň, önümçilige täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde welaýatymyzyň babadaýhanlary ýylyň-ýylyna gallanyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki önümleriň ýokary hasylyny ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrýarlar. Şu ýyl welaýatymyzyň ýüpekçileriniň ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, babadaýhanlaryň ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny ýygnamagy guramaçylykly geçirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmekleri guwandyryjy ýagdaýdyr. Welaýatymyzyň telekeçileri ýyladyşhanalaryň, maldarçylyk we guşçulyk toplumlarynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürjek beýleki birnäçe önümçilik desgalaryň gurluşyklaryny alyp barýarlar. Bu bolsa öz gezeginde welaýatymyzda gök, bakja, miwe önümleriniň, et-süýt önümleriniň barha köp derejede öndürilmegini, olaryň gaýtadan işlenilmegi bilen daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan azyk we beýleki önümleriň öndürilip, ak bazarlarymyzda ilata ýetirilmegini üpjün edýär. Öndürilýän «ak altynyň» gaýtadan işlenilmegi welaýatymyzda dokmaçylyk pudagynyň ösmegine oňyn ýardam edýär. Häzirki wagtda welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda, egirme-dokma fabriklerinde öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarymyzda uly islegden peýdalanýar. 2014-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna döwrebap täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 146,7 megawat möçberinde bolan gaz turbinaly we 2018-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda kuwwatlylygy 1574 megawat möçberinde bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän sebitde ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasy işe girizildi. Bu bolsa pudagyň ösüşini, ilkinji nobatda, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy. Döwletimizde öndürilýän tebigy gazyň esasy bölegi ýurdumyzyň iri senagat sebitleriniň biri bolan Mary welaýatynda öndürilýär. Welaýatymyzda öndürilýän tebigy gaz ýurdumyzyň sarp edijilerini ygtybarly üpjün etmek bilen bir hatarda dünýäniň birnäçe döwletlerine eksport edilýär. Häzirki wagtda dünýä belli «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Mary welaýaty dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni çekýän sebitleriň biridir. Marguş ýadygärlikler toplumy, «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikleri, Badhyz döwlet goraghanasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsi, «Ýeke gowak» ýadygärligi ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda uly gyzyklanma döredýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen durky täzelenen Baýramaly şypahanasy bagtyýar raýatlarymyzyň we daşary ýurtly myhmanlaryň höwes bilen dynç alýan hem-de saglygyny berkidýän ýerine öwrüldi. Halkymyzy eşretli durmuşa, baky bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!