Ir döwürde iki sany goňşy bolup, olaryň biri-hä ähli baýlygyna galla alyp, ury edip gömer eken. Beýlekisi bolsa diňe altyn-kümüş alyp, köpeldip, şoňa guwanar ýörer eken. Bir ýyl asmandan nem damman, gurakçylyk bolupdyr. Şonda galla ýygnanyň hiç zat piňine-de dälmiş. 

Altyn-kümüş ýygnan bolsa, bugdaý gözläp näçe hars ursa-da, hiç kim oňa bugdaý bermändirem, satmandyram. Şonda ol maňlaýyna urup:

— Wah, arpa-bugdaý aş eken.

Altyn-kümüş daş eken —

— diýip, goňşusynyňka dilege barypdyr.