Aşgabatda milli we döwrebap lybaslaryň görkezilişi boldy

Şu gün, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň çäginde müň bir öwüşginli moda baýramçylygy guraldy. Onda Aşgabatdaky modalar öýleriniň üçüsiniň 2021-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümleri üçin taýýarlan taslamalary görkezildi. Has takygy, dabarada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, «Mähirli zenan» we «Gül zaman» modalar öýleriniň lybaslarynyň görkezilişi boldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki modalar öýi agşamlyk we dürli dabaralar üçin, sport, zenanlara, çagalara niýetlenen lybaslaryň uly toplumyny görkezdi.

«Mähirli zenan» modalar öýüniň lybaslarynyň mahmal öwüşginleri dabara gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

«Gül zaman» modalar öýi bolsa hut özüne mahsus aýratynlyklar bilen milli we döwrebap lybaslaryň ajaýyp sazlaşygyny emele getirdi.