Aşgabatly küştçi dünýä rekordyna göz dikýär

Aşgabat şäherindäki 60-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy, 17 ýaşly küşçi Allaýar Şirliýew görmezden oýnalýan küşt boýunça rekordlary täzelemek maksady bilen şu günler çylşyrymly ýaryşlaryňň birnäçesine gatnaşýar.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, halkara derejeli emin Şöhrat Myratgulyýewiň şägirdi ilki «Bagtyýarlyk» sport toplumyndaky küşt merkezinde derejeli 3 küştçiniň garşysyna oýnap, 3:0 hasabynda üstün çykdy. Ikinji gezek ol 6 küştçi bilen ýaryşyp, ýene-de doly ýeňiş gazandy.

Ýaş küştçi bu özbuşly ýaryşy mart aýynda hem dowam etdirip, 14-nji martda 10 küştçi bilen oýnap, 10, 23-nji martda birinji we ikinji derejeli küştçileriň 15-si bilen oýnap 10,5 utuk gazandy. Soňky ýaryşda ol 7 duşuşykda ýeňip, şonça duşuşygy deňlikde tamamlady. Bir oýunda bolsa utuldy.

Bu özboluşly ýaryşyň nobatdaky tapgyry 4-nji aprelde geçiriler. Şol gün sagat 10-da başlanjak ýaryşda Allaýar Şirliýew «Bagtyýarlyk» sport toplumynda 20 küştçi bilen güýç synnayşar. Ýaryş tomaşa etmäge isleg bildirýänleriň ählisi üçin açykdyr.

Allaýaryň onlaýn ýaryşlarda gazanan üstünlikleri barada ozal hem habar beripdik. Hüjüm kombinasiýalaryny yzygiderli ulanýan küştçi hökmünde tanalýan Allaýar garşydaşlaryny kyn ýagdaýda goýup ýeňiş gazanýar.

Häzir küşt tagtasyna seretmezden iň köp oýun geçirmek baradaky rekord Ýanoş Fleşe degişlidir. Ol 1950-nji ýylda 52 küştçi bilen ýaryşypdy. Ýöne oňa ýaryşyň dowamynda tagta diňe iki gezek seretmäge rugsat berlipdi. Tagta asla seretmesizden goýlan rekord bolsa 2016-njy ýylda Las-Wegasda goýuldy. Dünýä belli küştçi Timur Gareýew şol ýaryşda 48 küştçi bilen göreşip, ýokary netije görkezdi.