Halkymyzda bedew ata uly sarpa goýulýar. Türkmen halky geçmişde öz durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmändir. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedewler türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyr. Behişdi bedewler diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýere däldir. Ýyndam, owadan, eýesine wepaly, gaýduwsyz, gyz gylykly, ynsan kimin garaýyşly ahalteke bedewlerini türkmenler wepaly dost hasaplapdyrlar. Halkymyz gyz-gelinleri altyn-kümüş bezegler bilen bezeýşi ýaly, mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini hem şaý-sepler bilen bezäp-besläpdirler. Taryha ser salanyňda uçar ganatly bedewler öz eýesini söweşlerde howp-hatardan gorapdyr. Toý gününde syrdaşy, gamly günde gardaşy bolan bedewler türkmen halkynyň gaýtalanmajak sungatydyr. Halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr, ýurduň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurupdyr. 

Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen bir gün ogullaryny ýanyna çagyryp: «Ogullarym, nesillere hemişe üç zady — Watany, ata-enäni we bedew atlary aýamagy sargyt ediň!» diýipdir. 

Halkymyzda: «At rysky alnynda» diýilýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä, Perwerdigär türkmene bedew aty ýollaýar. Türkmen bu sarç atyň üstüne atlananda bedew çarpaýa galýar. Şonda Beýik Biribar: «Seniň rysgalyň atyňda bolar. Ony harlamasaň, ryskyň alnyňdadyr!» diýipdir. 

Bedew atlarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň: «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» ýaly ajaýyp kitaplaryny okanyňda ynsanyň ýegre dosty bolan wepadar bedewlerimize bolan söýgiň has-da artýar. Hormatly Prezidentimiz: «Müňýyllyklaryň dowamynda merdana türkmen halkynyň durmuşynyň ähli döwürlerinde bedew atlarymyza aýratyn üns berlipdir. Çünki, halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, toý gününde syrdaşy bolmak bilen köňül buýsanjyna, dilleriniň senasyna öwrülip gelipdir. Ahalteke bedewleri merdana halkymyzyň dünýä çykaran gaýtalanmajak, beýik we özboluşly sungatydyr. Dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri türkmen topragynyň genji-hazynasydyr, hemişelik buýsanjy we milli mirasydyr» diýip, ahalteke atlary barada örän jaýdar belläp geçýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge uly üns berilýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary hereket edýär. Her ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda döwlet derejesinde Türkmen bedewiniň baýramy uludan bellenilýär. 

Goý, halkyny bedew bady bilen öňe sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, döwlet ähmiýetli, halk bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!