https://sportmedia.com.tm/habarlar/bagtyyar-gurgenow-kopetdaga-gaydyp-geldi/qTA4aWR7WyaOGVN.jpg


23 ýaşly balkanabatly goragçy Bagtyýar Gürgenow ýakynda «Köpetdagyň» düzümine goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.

«Köpetdagda» ozal hem 2017-nji ýylda futbol oýnan goragçy 2018-2020-nji ýyllaryň möwsümlerinde «Altyn asyrda» çykyş edipdi. Ol ýene-de ozalky toparyna dolanyp geldi.

Bagtyýar Gürgenow birnäçe gezek Türkmenistanyň ýaşlar we milli ýygyndylarynyň hataryna çagyryldy.