Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge, bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga gönükdirilen bimöçber aladalar durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaş nesilleriň geljekde ökde hünärmen bolup ýetişmegi üçin bilim ulgamynda birnäçe işler alnyp barylýar. Bilim işgärleriniň yhlasly zähmet çekmekleri üçin milli Liderimiziň başda durmagynda amatly şertler döredilýär. 

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da Serhetabat etrabynyň Galaýmor geňeşliginde ýerleşýän 8-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmekleri üçin yhlasly zähmet çekýärler. Çagalar bakja-bagyna Ogulsenem Muhammedowa ýolbaşçylyk edýär. Bagda körpeleriň 94-si terbiýelenilip, olar 4 topara bölünýär. Bu ýerde uly ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamakda-da netileji işler alyp barýarlar. Olara berilýän sapaklar, esasan-da, suratly kitaplaryň, körpeleriň aňyna täsir edijilik ukyby bolan oýunjaklardyr görkezme esbaplarynyň üsti bilen guralýar.

Bagda işine ökde tejribeli terbiýeçileriň birnäçesi bolup, olardan Aýgül Berdiýewa, Gurbanjemal Akmyradowa, Akgül Amangeldiýewa, Laçyn Öwezowa, Aýsoltan Işangulyýewa çagalara yhlas bilen bilim- -terbiýe berýärler. Olar körpejeleri her gün güler ýüz bilen garşy alýarlar. 

Aýgül Berdiýewa mekdebe çenli çagalara iňlis dilinden hem sapak berýär. Bagyň şepagat uýasy Aýna Artykowa bolsa çagalaryň saglyklary barada aladalanýar.