Milli däp-dessurlarymyzdan, ata-baba ýol-ýörelgämizden ugur alýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen biziň ýurdumyzda her ýyl mynasyp atlar bilen garşylanýar. 2021-nji ýyly hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ady bilen garşyladyk. Bu ýylyň ilkinji ädimini ädýän günlerinden başlap, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň hem ýeňişlerden, uly üstünliklerden doly ýyl boljagyna her birimiz ynandyk. 

Ýurdumyzy ähli babatda gülledip ösdürip, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny eşrete beslemegiň giň möçberli maksatnamalaryny amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyz beýik ösüşlere badalga bermek bilen, amala aşyrýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri biziň halkymyzyň ykbalyny düýpgöter özgertdi.

Ine, bu ýyl hem Gahryman  Arkadagymyzyň tagallasy bilen taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyljak ýurdumyzyň durmuşynda şanly — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň ýubileý toýuna barýarys. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda türkmen halkynyň öňünde jogapkärli wezipeler durýar.