Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebinde sportuň dürli görnüşlerinden ýaryşlardyr sport çäreleri guralýar. 

Basketbol toparynda gyzlaryň ençemesi türgenleşýär. Şol gyzlaryň arasynda 6-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ogulhajar Akmuhammedowa başgalardan tapawutlanýar. Ogulhajar bu toparda 5 ýyldan gowrak türgenleşýär. Ol 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde sportuň basketbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşda 3-nji orny eýeledi we geçirilen ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi . Edil şunuň ýaly 15-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Elina Tereşşenko hem tapawutlanýar. E. Tereşşenko bu toparda 3 ýyldan gowrak türgenleşýär we welaýatymyzyň ýygyndy toparynyň baş oýunçysy hasaplanylýar. Ol birnäçe gezek welaýatyň çempiony diýen ada mynasyp boldy.

Ogulhajar we Elina Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndy toparynyň agzalary. Bu gyzlar welaýat derejesinde geçirilen ýaryşda ýokary netije gazanyp, Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda geçiriljek ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazandylar we häzirki wagtda türgenleşik okuwlaryna gatnaşyp, tejribelerini artdyrýarlar.