Baýden owgan parahatçylygyny dikeltmekde Türkmenistan bilen işleşmegini dowam eder

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny ugratdy. (Surat: The White House)

ABŞ Owganystanda parahatçylygy dikeltmek hem-de Hazar deňziniň energetika kuwwatyny ösdürmek boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli ýazan gutlag hatynda aýtdy.

“Nowruz baýramy mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, şatlyk we rowaçlyk arzuw edýärin” diýip, Baýdeniň Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edilen hatynda bellenilýär.

“Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. Men öz administrasiýamyň hem-de Siziň ýurduňyzyň arasynda howpsuzlyk, Owganystanda parahatçylygy dikeltmek hem-de ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, hususan-da, Hazar deňziniň energetika kuwwatyny ösdürmäge çalyşmagyňyz bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigine umyt baglaýaryn” diýip, Jo Baýden Türkmenistanyň Prezidentine ýazan gutlag hatynda aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti öz administrasiýasynyň bäş ýyl mundan öň döwlet sekretary Kerriniň başlangyjy bilen döredilen “C5+1” görnüşiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt edýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden hatyny “Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!” diýip, türkmen dilinde jemledi.

“C5+1” formaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu ýygnak ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.