BAÝRAMÇYLYGA  BAGYŞLANYLAN AÇYK  SAPAK

                                                       

Täze dogan ak Güni alnyna sylyp, bagta barýan eziz Watanymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak şanly wakalar bilen gurşalýar. Şu günler ýurdumyzda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk işleri ýokary ruhubelentlige beslenýär. Şeýle wakalardan ruhlanýan bilim işgärleri hem yhlasly zähmet çekýärler. Çünki, ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. 

Golaýda Mary etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň himiýa-biologiýa mugallymy Gülälek Seýitliýewanyň guramagynda «Bitarap ýurdumda saglygym — baş baýlygym» ady bilen adaty däl, işjeň, açyk sapak geçirildi. Açyk sapaga etrabyň bilim bölüminiň başlygy Gurbanmyrat Myradow we beýleki orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar. 

Gülälek mugallym, ilki bilen, baky Bitarap Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny gorap saklamagyň iň bir öňe sürülýän wezipeleriň biridigini belläp, dürli witaminlere baý bolan önümleriň ynsan saglygyny berkitmekdäki peýdasy hakynda gyzykly maglumatlary gürrüň berdi. Müň derdiň dermany hasaplanylýan üzärligiň hem--de dermanlyk ösümliklerden käkilik otunyň, tozganyň, narpyzyň, çyrmaşyk otunyň, şeýle-de, gawun-garpyz, käşir, kelem, şugundur, hyýar, pomidor, rediska, sogan, sarymsak, mekgejöwen, kädi ýaly gök önümleriň hem-de erik, alma, beýi, igde, injir, hurma, üzüm, limon ýaly miwe önümleriniň ynsan saglygyny berkitmekdäki hyzmatynyň uludygyny belläp, bular dogrusynda giňişleýin çykyş etdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi, döwrebap bilim almagy, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda edýän aladalary üçin alkyş aýdyp, sapagy jemledi.

Bu ýerde etrap bilim bölüminiň başlygy Gurbanmyrat Myradow, mekdebiň müdiri Ogulhally Ataýewa, müdiriň okuw işleri boýunça orunbasary Akmyrat Ýazmyradow, mekdebiň himiýa mugallymy, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi Gurbanbibi Sähedowa, etrapdaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Aksoltan Baýramowa, etrapdaky 9-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Döwran Bäşimow çykyş etdiler. Mugallymlar öz çykyşlarynda Gülälek mugallymyň ýaş hünärmendigine garamazdan, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda yhlasly zähmet çekýändigini buýsanç bilen bellediler. 

Şeýle-de, häzirki döwürde bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygy, asudalygyň we bagtyýarlygyň goýnunda ösüp gelýän ýaş nesle okamaga, öwrenmäge, döretmäge, gurmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Arkadag Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Açyk sapagyň dowamynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara boldy. Onda mekdebiň ýaş höwesjeňleri hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky rowaýatlary sahnalaşdyryp, çykyş etdiler. Ýaş höwesjeňler Aýlar Öwezowanyň, Eneş Gurbanowanyň, Aýsenem Agalyýewanyň, Humaý Söýünowanyň, Aýgül Ýazkulyýewanyň çykyşlary has-da täsirli boldy. 

Baýramçylyga bagyşlanan açyk sapagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.