BEREKETLI EKINIŇ BOL HASYLY

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny üstünliklere besleýän Tagtabazar etrabynyň edermen babadaýhanlary ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Gallaçylygy, pagtaçylygy,  maldarçylygy ösdürip, önüm öndürmekde şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýän etrabyň zähmetsöýer oba hojalyk işgärleri özleriniň tutanýerli zähmetleri bilen ýeňişlerden-ýeňişlere barýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat - goldawlaryndan ruhlanyp işleýän etrabyň kärendeçi daýhanlary, aralyk ekin bolan gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin joşgunly zähmet çekýärler. Kärendeçileriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. Olar ýokary hilli tohumlar, dökünler, traktorlar we gurallar bilen üpjün edilýär. Galla hasylyndan boşan meýdanlara ekilen gant şugundyrynyň hasyly göze gelüwli. Güýz paslynyň häzirki günlerinde ýaşyl dona bürenip oturan hasylly meýdanlara gözüň düşende “Berekella” diýeniňi duýman galýarsyň. Bu işde paýdarlar jemgyýetiniň ýerlerdäki hünärmenleri şugundyr ýetişdirýän kärendeçileriň iň ýakyn maslahatçylary.

— Gant şugundyry bereketli we düşewüntli ekin. Zähmeti köp talap edýändigine  garamazdan, girdejisi ýokary. Gant şugundyry ekilen toprak belli bir derejede gurplanýar,  haşal otlardan saplanýar, ýeriň medeniýeti ýokarlanýar. Bu ekini ekip, ýokary hasyl ýetişdirmegiň abyny-tabyny kemsiz ele alan ussat kärendeçiler biziň etrabymyzda az däl. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýunyň bellenilýän ýylynda, etrabymyz boýunça 200 gektar meýdana gant şugundyry ekildi. Etrabymyzyň “Azatlyk”, “Marçak”, “Daýhan” we “Ýaşlyk” daýhan birleşikleriniň kärendeçileri oňat gögeriş alyp, boýuny ýetiren şugundyr ekinine eýeçilik gözi bilen garap, idegini ýetirýärler. Agrotehniki çäreleri wagtynda geçirilip, daýhan zähmeti siňdirilen ene toprak bereketli hasyl eçilýär.

Şugundyryň bol hasylyny ýetişdirip, öňdäkileriň hatarynda atlary agzalýan kärendeçilerimiziň sany onlarçadyr. Olardan “Ýaşlyk” daýhan birleşiginiň kärendeçileri, Agajan Mämmedow 3,5 gektar, Arnamyrat Işanberdiýew 3 gektar, “Daýhan” daýhan birleşiginiň kärendeçileri Agaröwşen Ýazgylyjow 4,5 gektar, Kemal Rozyýew 3 gektar meýdanda gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirip şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bien ýerine ýetirýän kärendeçileriň arasynda atlary hormat bilen tutulýar. Olar gektaryň hasyllylygyny 25 — 30 tonnadan geçirip köplere görelde bolýarlar — diýip, “Maryşeker açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň etrapdaky agronomy Allanazar Arnanýazow gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy.

Milli Liderimiz ýeriň düşewüntliligini artdyrmagy, hasyllylygyny ýokarlandyrmagy, her ýylda ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmegi möhüm wezipe edip goýdy we munuň üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Tagtabazarly kärendeçiler bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirýärler.