Beýik Britaniýa halkara saparlaryna girizilen gadaganlygy iýul aýyna çenli uzaltmagy meýilleşdirýär

Beýik Britaniýanyň Hökümeti halkara saparlaryna girizilen gadaganlygy iýul aýyna çenli uzaltmagy we bu düzgüni bozanlara bolsa 5000 funt (6.9 müň dollar) möçberinde jerime salmagy resmi taýdan meýilleşdirýär.

«The Times» gazetiniň habaryna görä, Hökümet bu barada şu ýylyň 22-nji martynda deputatlara teklipler berdi. Bu mesele boýunça parlamentde ses bermek 25-nji martda meýilleşdirilýär.

«The Times» gazetiniň habaryna görä, şu ýylyň 30-njy iýunyna çenli zerur hasap edilmeýän daşary ýurt saparlarynyň hemmesi gadagan ediler. Ýöne, iş, okuw, lukmançylyk bejergisi üçin daşary ýurda gitmeklik, agyr hassa ýatan garyndaşyňa ýa-da dostuňa baryp görmeklik, ýakyn garyndaşyň toýuna gatnaşmaklyk, emläk göçürmeklik ýa-da satmaklyk üçin düzgünden çykmalara rugsat berilýär.

Daşary ýurtly syýahatçylaryň patyşalyga girmegi barada, entek täze maglumatlar ýok. Şeýle-de bolsa, Beýik Britaniýa girmeklik üçin hökmany karantin düzgünleriniň şu ýylyň awgust-sentýabr aýlaryna çenli gowşadylmajakdygy habar berildi.

Islendik ýurtdan Beýik Britaniýa girýänler, indi 10 günläp üzňelik ýagdaýda bolmaga mejbur (izolýasiýa) edilerler we azyndan üç gezek koronawirusa garşy synagdan geçmeli bolarlar. Synagyň birinjisi karantina kabul edilmezden ozal, ikinjisi karantiniň ikinji gününde, üçünjisi bolsa karantiniň sekizinji gününde geçiriler.