Özüniň köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz baýramyny biziň ýurdumyz ýylyň-ýylyna giňden belläp geçýär. 

Nowruz  täze ýylyň başlanmagydyr. Ol gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Nowruzda asmanyň, zeminiň öňki häsiýeti üýtgäp, diriliş, gülleýiş başlanýar. Megerem, şonuň üçin bolsa gerek, ajaýyp söz ussady Magtymguly Pyragy: “Gelse Nowruz  äleme, reň kylar jahan peýda» diýipdir. 

Türkmençilikde Nowruzyň öň ýanyndaky gijede täze geýim geýilýär. Birek-birege barlyp tagam dadylýar. Gelin-gyzlarymyz Nowruzyň gelenini:


 Nowruz geldi, ýaz geldi,

 Bahar geldi, gaz geldi,

 Oturan adamlara,

 Bilbilden owaz geldi —


— diýen setirleriň üsti bilen buşlapdyrlar. 

Bize türkmen tebigatynyň täsiriniň bolşy ýaly, Nowruz hem gönüden-göni saglygymyza, ruhumyza, ykbalymyza täsir edýär. Nowruz bar ýerinde janlanyş bar. Nowruzda Gündogar halklarynda tagamlaryň dürli görnüşlerini taýýarlamak däbi bolupdyr. Ata-babalarymyz Nowruz gününde ýedi dürli tagamy taýýarlapdyrlar hem-de pişme, çelpek, gatlama bişiripdirler. Şolaryň arasynda semeni gadymy tagamlaryň biridir. 

Nowruz saçagynyň bezegi bolan semenini bişirmek üçin oba arasynda iň halal, arassa, päk  maşgalanyň eýesi bolan abraýly aýallary saýlaýarlar. Semeni bişirmäge başlan aýal “Abraý bersin, geliň, kömek beriň, berekedimiz egsilmesin, rysgal-döwletimiz artsyn, menem bir abraý alaýyn» diýip, ýagşy niýetler, alkyş-dilegler bilen işe girişýär. Munuň üçin şinelän bugdaýyň suwuny sykyp, haýal ýanýan otda gaýnadýarlar, soň oňa un hem-de suw goşýarlar. Ol duzsuz bişýän tagamdyr. Semeni barada halk arasynda şeýle sanawaç aýdylýar:


 Ekinini ýaş gördüm.

 Duzsuz bişen aş gördüm.

 

Semeni gaýnadýan adamlaryň arasynda dawa, jenjel, gybat bolsa semeni tagamly bolmaýarmyş. Taýýar bolan semenili gazanyň gapagyny ýarym açyk goýmaly, gije gelip Äşe, Patma  bibiler dadyp gidýärmiş. Ertir gelip gapagy galdyranyňda semeniniň ýüzünde bäş barmagyň yzy     bolarmyş.

Semeni guýlanda: “Meniň elim däl, Äşe, Patmanyň eli” diýip guýupdyrlar. “Nowruzda semenini ýedi öýe dadyrsaň, rysgalyň ýetmiş bolup gaýdyp gelermiş» diýen ýaly yrymlar bar.

Nowruz günlerinde hemmeler şadyýan, ruhubelent, şahandaz, kalby çyragly, köňli röwşenli, birek-birege mähirli bolupdyrlar. Nowruzda adamlar ýagşy niýetli bolmaly, diňe ýagşy dilegler etmeli. Bagşylar, ozanlar, şahyrlar söz ýaryşlaryny gurap, halka hezil berer ekenler. Gelin-gyzlar hem monjugatdylary, şadyýan oýunlary oýnapdyrlar. Nowruz güni doglan çaga iň bagtly ynsan hasaplanypdyr. 

Nowruz baýramçylygy gutaran dessine daýhanlarymyz köpçülikleýin meýdan işlerine girişipdirler. Ekişde obada hormatlanylýan ýaşuly adam: “Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli» diýip, sag eli bilen ýere tohum taşlapdyr. Töwerekdäkiler bolsa “Tohumyň müňlesin!” diýip, ýaşulyny täze ekiş bilen gutlapdyrlar we ol hem öz gezeginde: “Aýdanyňyz gelsin!” diýip, jogap beripdir. 

Nowruz merdana halkymyzyň bäş müň ýyllyk şan-şöhratly taryhynyň gatlaryndan eriş-argaç bolup geçen, pederlerimizden bize miras galan mizemez, beýik ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň, hiç kimiňkä meňzemeýän ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, milli baýramçylyklarymyzyň giňden dabaralanýandygyny aňladýar.