Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Diýarymyzyň dürli künjeginde gurluşygynyň düýbi tutulýan, gurluşyk işleri alnyp barylýan we gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap hem dürli maksatly desgalardyr binalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly waspyny ýetirýärler. Olaryň her biri hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygyna ählihalk tarapyndan biragyzdan saýlanan gününden bäri öňe sürýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň nobatdaky durmuşa geçirilmesidir. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda açylyp, ulanylmaga berilýän we gurluşyk işleriniň düýbi tutulýan desgalar muňa aýdyň mysaldyr. Olaryň hatarynda Mary şäherinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň düýbüni tutmak, «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň 3-siniň buraw işlerine badalga bermek dabaralary bar. Şu dabaralar mynasybetli baýramçylyk konserti guraldy. Ýurdumyzyň bu sebitinde gurlup, ulanylmaga berlen we gurluşygynyň düýbi tutulan desgalar ildeşlerimiz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.


Şatlyk EZIZOW, «Galkynyş» gaz käniniň başlygy:


 ―Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty bar­ha art­ýar. Mu­ňa Di­ýa­ry­my­zyň dür­li kün­jegin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­nyň my­sa­lyn­da-da göz ýe­tir­mek bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len «Gal­ky­nyş» gaz kä­nin­de gaz guýu­la­ry­nyň 3-si­niň buraw işlerine ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy­na gat­naş­dyk. Ýa­kyn gel­jek­de bu iri gaz oja­gy­nyň gaz gu­ýu­la­ry­nyň sa­ny­nyň kö­pel­me­gi ýur­du­my­zyň da­şa­ry döw­let­le­re eks­port ed­ýän ga­zy­nyň muk­da­ry­nyň artma­gy­ny üp­jün eder. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de eziz Di­ýa­ry­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dy­rar. Gu­ýu­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan şert­na­ma bag­la­şyl­dy. Ozal hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len we­la­ýa­ty­myz­da gaz arassa­laý­jy des­ga­lar gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Olar­da te­bi­gy gaz ha­ryt­lyk gaz de­re­je­si­ne ýe­ti­ri­lip, da­şa­ry döw­let­le­re eks­port et­mä­ge taý­ýar­la­nyl­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, şol san­da te­bi­gy baý­lykla­ry­myz­dan ýer­lik­li peý­da­lan­mak ug­run­da uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze köp sag­bol­sun aýd­ýa­rys.


Arslan ÇARYÝEW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Gazy we kondensaty çykarmak we taýýarlamak boýunça önümçiliktehnologiýa bölüminiň başlygy: 


— Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sa­ýa­syn­da ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň «Gal­ky­nyş» gaz kä­nin­de gaz gu­ýu­la­ry­nyň 3-si­niň buraw iş­le­ri­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi hem bu ugur­da­ky iş­le­ri­niň bi­ri­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu gaz kä­nin­den alyn­ýan ga­zyň ag­la­ba bö­le­gi Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­na eks­port edil­ýär. Bu bol­sa türk­men-hy­taý söw­da we yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ke­me­gi­ne, öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ys­ny­şyk­ly hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Ýa­kyn gel­jek­de gaz kä­ni­niň gu­ýu­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy­nyň ha­sa­by­na onuň gaz çy­ka­ry­jy­lyk kuw­wa­ty hem art­dy­ry­lar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­nyň hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy üçin peý­da­la­nyl­ýan­dygy­nyň be­ýa­ny­dyr. Goý, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şda ýa­şa­ma­gy, döw­le­ti­mi­ziň barha kuw­wat­lan­ma­gy ug­run­da uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, iş­le­ri ro­waç bol­sun!