Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň Hökümetiňiz bilen ylalaşyga laýyklykda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň dürli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geňeşmeler geçirilenden soňra, jenap Dmitriý Şlapaçenkony ösüş maksatlary üçin BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy wezipesine bellemek hormatyna eýe boldum.

Ygtyýarly wezipeli adam hem-de Baş sekretaryň wekili hökmünde hemişelik utgaşdyryjynyň borçlary Birleşen Milletler Guramasynyň degişli resminamalarynda beýan edilendir. Şol resminamalaryň düzgünlerine laýyklykda, jenap Şlapaçenko Birleşen Milletler Guramasynyň adyndan umumy jogapkärçiligi öz üstüne alar hem-de Türkmenistanda ösüş maksatlary üçin dessin işleri utgaşdyrmak boýunça toparlaýyn işe ýolbaşçylyk eder.

Jenap Şlapaçenko borçlaryny ýerine ýetirişiniň barşy barada maňa hasabat berer, ol borçlar Siziň milli edaralaryňyz tarapyndan kesgitlenilen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda amala aşyrylar. Jenap Şlapaçenko Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky ýokary wezipeli wekili bolar hem-de diplomatik işgärlere berýän ýardamyňyz üçin hoşallyk bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňiziň tagallalary esasynda BMG-niň dessin işleriniň has netijeli utgaşdyrylmagyny üpjün etmek üçin hemişelik utgaşdyryjynyň öz ygtyýarlyklaryny berjaý etmegi bilen bagly meseleler barada Siziň Hökümetiňiziň ony yzygiderli habarly etjekdigine ynanýaryn.

Baş Assambleýanyň meýillerine salgylanmak arkaly, Sizden Türkmenistanyň Hökümetiniň degişli edaralarynyň hem-de jenap Şlapaçenkonyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam bermegiňizi haýyş etmek hormatyna eýedirin, şeýle hem onuň bu wezipä bellenilmeginiň Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Siziň ýurduňyzy ösdürmek maksady bilen, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynamymy beýan etmäge şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Antoniu Guterriş,

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.