“Dünýäde atyň üstünden gowy tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok” diýýän türkmen halkymyz kitaba uly sarpa goýup, ony gözüniň göreji ýaly saklaýar. Hormatly Prezidentimiz hem halkymyzy ajaýyp kitaplary bilen yzygiderli begendirip durýar. 

 “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabyň elimize gowuşmagy hem her bir okyjyda buýsanç duýgusyny döretdi. Bu kitap 10 bölümden ybarat bolup, ony okanyňda hemişelik Bitaraplygyňa bolan buýsanjyň artýar. Onda Bitaraplygyň gymmaty, bize beren bagty barada giňişleýin gürrüň edilýär. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gowulanyp, ýurdumyzyň halkara abraýy belent derejelere göterilýär. 

Biz, mugallymlar milli Liderimiziň peşgeş berýän gymmatly kitaplaryny özümize ýol-ýörelge edinip, okuw sapaklarymyzda peýdalanýarys. Bu täze kitap hem halkymyzyň ýankitabyna öwrüler. 

Goý, halkynyň abadan, bagtyýar, durmuşda ýaşamagy üçin tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik tutumly işleri rowaç alsyn!