«Sea Ray» kompaniýasynyň ABŞ-daky bölümçesi bolan «Sundance» katerler ulgamynyň 45 ýyllygy mynasybetli «Sundancer 370 Outboard» atly täze kater işlenip düzüldi. Onuň dizaýny «BMW Group» toparyna girýän «Designworks» studiýasyna degişlidir.

«Sea Ray»-yň baş dizeýneri Çarli Fossa «BMW Designworks» topary bilen pikirlerini birleşdirip, «şol bir wagtyň özünde geljege hormat goýmak we geljege ymtylmak» taslamasyny amala aşyrdy. Kater gözellik, berklik, sport ruhy we özüne mahsuslyk häsiýetlerine eýe.

«Sundancer 370 Outboard»-a bäş adam sygýar. Onuň ýolagçylarynyň oturýan ýeri U görnüşindedir. Bu bölüm ýumşak kürsüler bilen üpjün edilipdir. Kürsüleriň gurnawynda ýekeje çüýüň hem ulanylmandygyny aýratyn aýtmaly.

Kaýutada duş, krowat, telewizor we çaklaňja aşhana bar.

Kater «Mercury Verado 300» asma motorlarynyň üçüsi bilen hereketlenýär. Onda GPS ulgamy hem ornaşdyrylandyr.