Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze ösüşleri nazarlap ýagty geljege tarap ynamly öňe barýan Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenip geçildi. Baýramçylygyň öň ýanynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly täze eseri halkymyzyň eline gelip gowuşdy. Täze eser bütin halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Hemmeleriň ýankitabyna öwrüljek bu eser, aýratyn-da, ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Çünki, hormatly Prezidentimiz kitapda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda arzuwlap gelen ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk ýaly ýörelgelerini giňden beýan edipdir.
Bagtyýar döwrümiziň ertiri bolan ýaşlaryň döwrebap bilim, edep-terbiýe almagy hakynda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat bähbidine gönükdirilen tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!