Ganazlyk (anemiýa) adamyň deri örtüginiň agarmagy, reňkiniň öçügsi bolmagy, içki organlarda üýtgeşikligiň bolmagy, gandaky gemoglobiniň mukdarynyň azalmagy ýaly alamatlary bolan keseldir. Biz demir ýetmezçilikli ganazlyk barada durup geçmekçi bolýarys. Demir ýetmezçilikli ganazlyk diýlip, gemoglobiniň gurluşyna gatnaşýan demriň ýetmezçiligine aýdylýar.

Demir ýetmezçilikli ganazlyk wagtyndan öň doglan çagalarda, az agramda we uly agramda doglan çagalarda, şeýle hem, ekiz doglan çagalarda köp duş gelýär, sebäbi bu çagalarda demriň gory soň döreýär. Şol sebäpli hem bu çagalar doglandan 6 aýdan soň öz kadaly agramyny alýarlar we tiz ösýärler, şonuň üçin çaga demriň goşmaça mukdary gerek bolýar.

Aşgazan-içege ulgamynyň kesellerinde içegede demriň we beýleki maddalaryň sorulmagy peselýär, aşgazan we içegäniň sowuklamasynda ganazlyk ýüze çykýar.

Iýmit bilen demir bedene az mukdarda düşen ýagdaýynda çagalaryň işdäsi kemelýär, şol sebäpli agramy kemelýär, ukusy bozulýar, az hereket edýär, gaharjaň bolýar. Şeýle ýagdaýda çagalar tiz ýadaýandygyny, kellagyry, baş aýlanma bolýanyny aýdýarlar. Mekdep ýaşly çagalaryň saçlary köp düşýär, dyrnaklary inçelýär we döwülegen bolýar. Şeýle-de, tagam duýujylygy üýtgeýär, şol sebäpli hek, toýun iýmek bilen bolýar. 

Şeýle alamatlar ýüze çykanda demre baý bolan iýmit önümlerini, ýagny, sygyr bagryny, sygyr etini, ýumurtganyň sarysyny, greçkany, ysmanak, alma, garaly iýmek maslahat berilýär.

Kiçi ýaşly çagalarda demir ýetmezçilikli ganazlygyň öňüni almak üçin gök önümlerden taýýarlanylan püre, süýtli şüle, gatyk, et, etli püre, miwe şiresi (alma, kädi, käşir, nar), dorog (tworog), ýumurtga, ösümlik ýagyny, mesge, çörek, köke iýmek oňyn netije berýär.

Şu ýokardaky iýmitleri çaganyň ýaşyna görä az-azdan berip başlamaly. “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen pähimden ugur alyp, ýurdumyzdaky un öndürýän kärhanalaryň ählisinde foliý turşusy we demir bilen baýlaşdyrylan un öndürilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň mähriban halkynyň saglygy ugrunda edýän aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr.