ÇAGALARA  DIL  ÖWRETMEGIŇ USULLARY

                                                

Milli Liderimiziň öňden görüjilikli syýasaty netijesinde 2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Konsepsiýada türkmen dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmegi üpjün edýän ulgamyň döredilmelidigi nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek babatynda durmuşa geçirilýän işler gün-günden rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda çagalar bagyndan başlap, aspirantura döwrüne çenli, daşary ýurt dillerinde sözleýiş endiklerini kämilleşdirmek işjeň alnyp barylýar.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, çagalara bilim bermegiň ilkinji basgançaklary mekdebe çenli bilim edaralarynda we orta mekdepleriň başlangyç synplarynda geçirilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň birinji basgançagy bolan çagalar bagynyň işini ylmy esasda alyp barmak, döredijilikli işlemek, täze usullary oýlap tapmak, hereket edýän usullary millileşdirmek we kämilleşdirmek, olaryň netijelerini tejribede ulanmak mugallymlaryň we terbiýeçileriň baş wezipesidir. Çaganyň öz ene dilinden başga-da, rus we iňlis dillerini bilmegi zerurdyr. Şu nukdaýnazardan hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen daşary ýurt dillerini öwrenmäge giň ýol açyldy. Bu wajyp meseläni amala aşyrmak üçin mugallym öz üstünde döredijilikli işlemeli, her bir geçjek sapagyna taýýarlykly barmaly.

Çagalar bagyndaky körpelere daşary ýurt dilleri öwretmekde öňe sürülýän wajyp meseleleriň biri olaryň sözleýiş dilini ösdürmekden ybaratdyr. Çünki, çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek dürli okuw esbaplarynyň, suratlaryň, oýunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Körpeleriň intellektual we akyl taýdan kämil ösüşine uly üns berilýär. Halk arasynda adamyň çaga döwrüne oýun döwri diýlip aýdylýar. Öwrediji oýunlaryň esasy maksady çagalara täze bilim bermek, ýagny, täze sözleri öwretmek hem-de öňki düşünjeleri berkitmekdir. Her sapagyň gurluşy we onuň mazmuny dürli usullar bilen baýlaşdyrylmalydyr. Mugallym sapaklary usuly taýdan dogry oýun esasynda alyp barmagy, sapaklary okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanyp guramagy başarmalydyr.

Ýurdumyzda bilim ulgamynda her bir bilim işgäriniň sapaklaryny talabalaýyk guramagy bilen Watanymyzyň, il-günümiziň, Arkadag Prezidentimiziň öňündäki jana- -jan borjuny ödemegi gerek.