“Agama” alpinist kluby ýaş nesle özlerini ýene bir gezek hakyky gaýa çykyjylar ýaly duýmak mümkinçiligini bagyş eder.

“Çagalaryň gaýa festiwaly” 22-nji awgustda Aşgabatdaky “Älem” medeni we dynç alyş merkezinde geçiriler. Festiwala 4 ýaşdan 14 ýaşa çenli oglanlar we gyzlar, şeýle hem ene-atalary çagyrylýar.

Festiwalyň tertipnamasy eminiň goragy bilen emeli daga çykmagy öz içine alýar. Şonuň üçin amatly sport lybasyny we çalşyrgyç aýakgap alyp barmagy unutmaň. Sport duşuşygynda ýeňijiler we gatnaşyjylar şahadatnama alarlar.

Üns beriň: Her bir ýaş gaýa çykyjy bu çäre üçin öňünden hasaba alynmalydyr. Muny +99365811355 belgili telefona jaň edip, amala aşyryp bilersiňiz. Şeýle hem, festiwala gatnaşyjylaryň ýanynda dogluş hakyndaky şahadatnasy (göçürmesi) bolmalydyr.

Bu çäre her ýyl 8-nji awgustda bellenýän Halkara alpinizm gününe gabat getirilýär. “Agama” alpinizm kluby hem, öz gezeginde, ýaş alpinistleriň başarnyklaryny ösdürmäge uly üns berýär. Aşgabatda Çagalar gününde sport çäreleri, adatça, çagalar gaýadromynda geçirilýär.