ÇAGANYŇ UKUSYNY NÄMELER BOZÝAR?

Aslynda, ýaňy dünýä inen çaganyň ukusy bozulagan bolýar. Bu ýagdaý bolsa ene-atany alada goýýar. Eger çaga dünýä inen gününden gije ýatman, gündiz rahat ukusyny alýan bolsa, onda şol çaga üçin alada etmegiň geregi ýok. Ýöne çaga gije-de, gündizem ukusyny rahat alyp bilmese, onda hökmany suratda onuň bir ýeri biynjalyk edýän bolmaly. Şeýle ýagdaýda her bir ene-atanyň maşgala ýa-da çaga lukmanyna ýüz tutmagy zerurdyr.

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ene-ata her gün ir turýan bolsa, bu endik çaga-da öz täsirini ýetirýär. Çagalaryň arasynda uzak gün ýatyp, gijesine oýnaýanlaryna-da kän duş gelmek bolýar. Sebäbi, dürli ýaşdaky çagalar gije bilen gündizi çalşyp bilerler. Çaganyň ukusyny nämeler bozýar? Onuň sebäpleri:

- döreýän nerw dartgynlygy;

- uka päsgel berýän näsazlyklar;

- üns berilmezligi;

- dogry iýmitlenmezligi;

- ýatýan wagtynyň üýtgemegi;

- sagdyn bolmazlygy (içýellenme, içagyry, gulak agyry, dümew);

- ýatýan otagynyň talaba laýyk däl şertleri (ýassygynyň we düşekçesiniň ýakymsyzlygy, aşa sowuk ýa-da gyzgyn howa, ýakymsyz ysyň bolmagy we gaty sesler);

- uly ýaşly çagalaryň uzak wagtlap kompýuter oýunlaryny oýnamagy we öýjükli telefonlar bilen meşgullanmagy.