COVID-19-a garşy sanjymlary Türkmenistanda öndürmek mümkinçiligine seredildi


    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) başlygy Döwran Hudaýberdiýew çarşenbe güni Moskwada Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (RSTB) wise-prezidentleri Aleksandr Muryçýow we Sergeý Krasilnikow bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda taraplar global saglyk meselelerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň çäginde COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary öndürmek we serhet ýurtlaryna eksport etmek mümkinçiligine garadylar.

    RSTB-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyga “GDA-nyň ykdysady ösüşiniň işewürlik merkezi” assosiasiýasynyň utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Anatoliý Kazakow, Ýewro-Aziýa hyzmatdaşlygynyň maliýe-biznes assosiasiýasynyň baş direktory Oleg Berezowoý we beýlekiler gatnaşdylar.

    Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan ugurlaryny, telekeçilik gurluşlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hereketleri hem-de adaty pudaklardaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň täze başlangyçlaryny giňeltmek, täze ugurlarda bilelikde iş alyp barmak we maýa goýumlar barada maslahatlaşdylar.

    Şeýle-de gurluşyk, oba hojalygy we gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhana gurluşygy hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan hususylaşdyrma maksatnamasyna rus maýadarlarynyň gatnaşmagy babatynda pikir alşyldy.

    Mundan başga-da, taraplar iş wizalarynyň berilmegini ýönekeýleşdirmek we hasaplaşyk amallaryny amala aşyrmakda bankara hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine garadylar.

    Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 1990-njy ýylda döredilip, Russiýanyň ähli sebitlerindäki müňlerçe iri rus kompaniýalaryny, ýagny senagat, ylmy, maliýe we täjirçilik guramalarynyň wekillerini birleşdirýär.