ÇYNARDA ZEHIN BAR


Hünärli bolmak, kär saýlamak ynsanyň ömrüni bezeýän gymmatlyklaryň biri hasaplanylýar. Şonuň üçin-de, her bir ene-ata öz perzendiniň hünärli, sowatly bolmagy ugrunda alada edýär. Kiçiliginden bäri aýdym aýtmagy özüne kesp edinen, ýaşajyk höwesjeňleriň biri hem Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşligindäki 7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Çynar Jummanowadyr.

Çynar jigimiz heniz bäş ýaşyndaka  aýdym aýtmagy öwrenip başlaýar. Onuň aýdym aýtmaga bolan höwesiniň ir oýanmagy, megerem, ejesi Mährijemal gelnejäniň mähre ýugrulan hüwdülerini köp aýdyp bermegindedir. Belki-de, kakasy Sylapberdi aganyň gitara saz guralynda saz çalyp, aýdym aýdanda gyzynyň aýdym aýdyp, kakasyna öýkünmegindedir.

Çynar 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda 1-nji synpa okuwa bardy. Onuň başlangyç synp mugallymy Akbegenç Hangeldiýewa Çynarda aýdym-saza bolan höwesiň bardygyny aňýar. Mugallym bu zehinli gyzjagaza mekdepde geçirilýän baýramçylyk çärelerinde aýdym aýtdyryp başlaýar. Çynaryň Harplyk baýramynda ýerine ýetiren «Arkadag», «Hoş gal, harplyk kitabym!», «Eje jan» diýen aýdymlary onuň ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýerine ýetiren aýdymlarydy. Ol 1-nji synpda okaýarka mekdepde geçirilen «Saýrak bilbil» atly aýdym-sazly bäsleşikde 1-nji orny eýeläp, «Mekdebiň saýrak bilbili» diýen hormatly ada mynasyp bolýar.

Çynar okuwdan boş wagtlary aýdym-saza has-da üns berip başlaýar. Körpeleriň teleýaýlymlarda goýberilýän aýdymlaryny ürç edip diňleýär. Ol 2-nji synpda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Aýdym hepdeligi» atly bäsleşikde ýeňiji bolýar. Soňra «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşikleriniň etrap tapgyrlarynda «Watanym», «Türkmenistanym» aýdymlaryny ýerine ýetirip, baýrakly orunlary eýeleýär.

Mekdebiň aýdym-saz mugallymy Baýram Sapargeldiýew Çynara sapakdan daşary ençeme aýdym öwredýär. Mundan başga-da, Çynaryň agasy Gurban Jummanow oňa halypalyk edip, onuň sesine görä aýdymlary saýlap berip, aýdymy aýdanda sözleriň düşnükli bolmagy üçin ýörite ýollaryny we sungatyň inçe syrlaryny öwredip başlaýar. Şeýlelikde, kämillige gol berip başlan Çynar aýdym-saz dünýäsinde öz ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge çalyşýar. Ol teleýaýlymlarda çagalar üçin niýetlenen «Bilgirje», «Säher ýyldyzlary», «Türkmen milli oýunlary», «Hünärli gollar» ýaly gepleşiklerde hem üstünlikli çykyş edip, aýdym aýtmaga bolan ussatlygyny görkezýär.

Öz saýlan hünäriniň eýesi bolmak ugrunda yhlasyny, zehinini gaýgyrmaýan Çynar jigimize mundan beýläk-de, gadamlarynyň batly, owazynyň belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.