DABARASY  DAG  AŞAN  TOÝ


Şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň bellenilýän Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda welaýatymyzyň edermen, zähmetsöýer babadaýhanlary döwlet harmanyna 345 müň tonnadan gowrak bugdaý, 365 müň tonnadan gowrak pagtany, şeýle-de maldarçylyk, gök-bakja, miwe, azyk we beýleki önümleri artygy bilen tabşyryp, Hasyl toýuna mynasyp sowgatly geldiler.


Ýekşenbe güni uludan tutulan Hasyl toýy Mary şäheriniň golaýyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda geçirildi. Toýa welaýatymyzyň welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar, myhmanlar gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenilip giňden bellenilen Hasyl toýunyň geçirilýän ýerinde hormatly Arkadagymyzyň daşary ýurtlardan satyn alyp beren tehnikalarynyň, zähmet gurallarynyň buýsandyryjy hatarlary töwerege bezeg berýär. Galla, pagta, dokma, maldarçylyk, gök--bakja, miwe, ir-iýmiş we beýleki önümleriň baý sergileri toý şowhunyny has-da artdyrýar. Milli saz gurallarymyzyň, şaý-seplerimiziň, saryja goýnunyň ýüňünden dokalan haly we haly, keçe önümleriniň, milliligimize degişli gadymy gymmatlyklarymyzyň janly görkezmeleri toýa ajaýyp görnüşleri bagyş etdi. Türkmen alabaýynyň, dal bedewleriň, bezelen düýeleriň, goýundyr geçileriň, çöl haýwanlarynyň we ösümlikleriniň bu ýerde bolmagy toýa gelenlerde täsin duýgulary oýardy.


Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň astyndan çykan, gymmaty  egsilmez kitaplarynyň toplumlary, toýa gelenlere hödürlenen melhemlik içgileri toý märekesiniň buýsanjyny artdyrdy. Döredijilik işgärleriniň şol gymmatly eserler esasynda taýýarlanan kompozisiýalarydyr  sahna çykyşlary tomaşaçy märekä şatlyk paýlady. Toý meýdançasynyň merkezinde bezelen sahnada medeniýet we sungat ussatlarynyň, meşhur bagşylaryň aýdym-sazly, dürli tansly, çeper sözli çykyşlary guralyp, olar adamlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy.


Hasyl toýunyň dowamynda dabaraly ýagdaýda tanymal, öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerine gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Uludan tutulan Hasyl toýunda gutlag sözleri belentden ýaňlandy. Şirin owazly aýdymlarda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, Gahryman Prezidentimiziň waspy ýetirildi.