Daşary ýurtly sport janköýerlerine Tokio Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga rugsat berilmez

«Tokio 2021» Olimpiýa oýunlaryna koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtly sport janköýerleriniň gatnaşdyrylmazlygy barada karara gelindi. Bu barada «Tokio 2021» Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti şu ýylyň 20-nji martynda habar berdi.

Şeýle karar bäştaraplaýyn mejlisde biragyzdan kabul edildi. Mejlise Halkara Olimpiýa komitetiniň başlygy Tomas Baç we Tokionyň häkimi Yuriko Koike gatnaşdy.

Bäştaraplaýyn mejlisde daşary ýurtly sport janköýerleriniň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlary üçin satyn alnan petekleriniň yzyna gaýtaryljakdygy barada beýan kabul edildi.

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäheriniň häkimi Yuriko Koike: ««Tokio 2021» Olimpiýa oýunlaryna koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtly sport janköýerleriniň gatnaşdyrylmazlygy baradaky karar gaty gynandyryjy ýagdaýdyr.» - diýip belledi.

2020-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilen «Tokio 2020» Olimpiýa oýunlary koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu bütindünýä sport ýaryşy ««Tokio 2021» Olimpiýa oýunlary» diýlip atlandyryldy. Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgustyna çenli dowam etdiriler. Paralimpiýa oýunlarynyň bolsa, şu ýylyň 24-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýaponiýanyň ilatynyň aglaba bölegi daşary ýurtly sport janköýerleriniň ýurda girmegi bilen pandemiýanyň üçünji tolkuny başlar öýdüp howatyrlanýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, şu ýylyň 20-nji martynda geçirilen bäştaraplaýyn mejlisde «Tokio 2021» Olimpiýa oýunlaryna koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtly sport janköýerleriniň gatnaşdyrylmazlygy barada karara gelindi.