Demirgazyk sebitiň ýeralmaçylarynyň üstünligi

Ýurduň demirgazygynda güýzlük ýeralma ekişi tamamlandy. Bu ýyl Daşoguz welaýatynda ýylyň ikinji hasyly üçin meýdanyň esasy bölegi sebitiň iň iri ýeralma öndürijisi bolan Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ýerleşýär. Güýzlük ýeralma, şeýle hem, Nyýazow we Gubadag etraplarynda köp mukdarda ösdürilip ýetişdiriler. Işleriň ýokary derejede ýola goýulmagy, ýeterlik mukdarda ýokary hilli tohumyň we ýöriteleşdirilen enjamlaryň bolmagy sebäpli, bu möhüm agrotehniki çäre gysga wagtyň içinde üstünlikli geçirildi. Ýeralmaçylar howa sowamanka, her gektardan azyndan 140 sentner hasyl almagy umyt edýärler.

Ýokary ekerançylyk ussatlygy we önümçilikde ylmy maslahatlaryň ulanylmagy demirgazyk sebitiň daýhanlaryna ýeralmadan ýylda iki hasyl almaga mümkinçilik berýär. Ýaňy-ýakynda olar ýazlyk ýeralma ekişi üçin tohumlyk taýýarlamak işini üstünlikli tamamladylar. Bu ýerde diňe daýhan birleşikleriniň we käbir hususy gurluşlaryň tagallasy bilen 26 müň 600 tonnadan gowrak hasyl ýygnaldy. Hasylyň esasyny ideg dannawsyzlygy we dürli kesellere garşy durnuklylygy sebäpli, daýhanlaryň ýokary bahasyna mynasyp bolan ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan golland seçiminiň ýokary hasylly orta-irki we irki görnüşleri düzýär.