DEMOKRATIÝA ÝOLUNDA MÖHÜM ÄDIM


Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň biragyzdan ses bermeginde Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitarap döwlet derejesine eýe bolmagynyň ýigrimi bäş ýyllygynyň bellenilýän üstümizdäki — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça belent sepgitleri nazarlap, bedew bady bilen öňe barýar.

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny ösdürmek bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary bilen Garaşsyz Watanymyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk hem kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen taryhy mejlisi bu ugurda alnyp barylýan işleriň rowaç alýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Gahryman Arkadagymyz şol mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşynda Garaşsyz ýurdumyzyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri, jemgyýetçilik durmuşynyň we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýeten sepgitleri barada giňişleýin gürrüň etdi, şeýle hem öňde duran wezipeler barada jikme-jik durup geçdi.

Mejlisde milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek bilen baglylykda Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça durmuşa geçirilýän möhüm özgertmeler barada aýratyn durup geçdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda” kabul eden taryhy Karary ýurdumyzy demokratiýalaşdyrmak ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy.