Döwleti tanadýar gözel ýerlerimiz

1_12

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyz ýylsaýyn ösýär, özgerýär. Täze gurulýan desgalar, ajaýyp seýilgähler, Hazaryň deňi-taýy bolmadyk arassa howasydyr gözel tolkunlary göreni haýrana goýýar. Şeýle ajaýyplyklary görmäge göz gerek, taryplamaga söz.

         Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda syýahatçylyk ulgamynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Bu ulgam boýunça ýurdumyzyň dürli künjeklerinde syýahat edip, gözelliklerden ruhlanmaga ençeme ajaýyp ýerler gurulýar, döredilýär.

         Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda gezelenç etmäge, dynç alyp, ajaýyp tebigatdan lezzet almaga gelýän jahankeşdeleriň, syýahatçylaryň sanynyň artmagy ulag-logistika bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda ýolagçy gatnawlarynyň artmagy syýahatçylyk pudagynyň ösmegine itergi berýär. Has takygy daşary ýurtly syýahatçylar üçin Diýarymyzda hereket edýän Halkara howa menzilinde täze gatnawlar yzygiderli açylýar. Şeýle-de Halkara deňiz porty syýahatçylardyr jahankeşdeleriň hyzmatynda bolup, ol diňe bir ýolagçy gatnawlary üçin däl, eýsem ulag-logistika pudagynyň ösmeginde ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda bitirýän işi uludyr.

         Alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan sambo boýunça 2020-nji ýylda dünýä çempionatyny we 2021-nji ýylda welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyna eýe boldy. Bu bolsa bir wagtda ençeme pudaklaryň ösüşine goşant bolup durar. Has takygy, sportuň üsti bilen ýurdumyza ençeme daşary ýurtly raýatlar geler. Olar özleriniň gyzyklanmalarynyň esasynda eziz Diýarymyzyň medeni-taryhy ýerlerine, gözeldan gözel seýilgählerine we ajaýyp ýerlerine aýlanyp görerler we biziň ata Watanymyz bilen ýakyndan içgin tanyş bolarlar. Bu bolsa ýurdumyzy ýene-de bir gezek dünýä ýaýmaga ähmiýet berer.

Syýahaty dünýä ýüzüne aýlanmazdan, öz ýurduňda hem gurap bolýar. Has takyk mysallara ser salsak, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Rozygeldi Döwletow welosipedli Türkmenistan döwletimiziň ajap ýerlerine öz syýahatyny ençeme tapgyrlarynyň esasynda gurnady. Ol Gahryman Arkadagymyzdan nusga alyp, milli Liderimiziň öňe sürýän maksatlaryna eýerip, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda welosipedli gezelenç etdi. Täsin gezelençleriniň esasynda bolsa kitap ýazmaklygy maksat edindi. Ol bu kitabynda gözel Diýarymyzyň 58 sany taryhy-medeni, geologiki ýadygärliklerini ýazgy etmegi meýil edýär.

Türkmenistan-rowaçlygyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ençeme halkara forumlary, maslahatlary, sergi ýarmarkalary yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösmegine itergi berýär. Ýokarda agzalyp geçilen çärelere daşary ýurtdan gelen wekiliýetiň ençemesi gatnaşyp, olar diňe bir biziň ýurdumyza iş sapary bilen gelmän, syýahat, gezelenç etmäge-de gelýärler. Olar tebigatymyzyň gözelligine syn edip, öz ýürek buýsançlaryny biziň bilen paýlaşýarlar we ýene-de ençeme gezek eziz Diýarymyza geljekdiklerini aýdýarlar.

Syýahatçylyk pudagynyň pajarlap ösmeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti ulydyr. Bu ýerde dynç almak, gezelenç etmek, gözel tebigatdan lezzet almak üçin ençeme şertler döredilýär. Ýylyň-ýylyna bu zolakda täze-täze binalar açylyp, ulanylmaga berilýär. Hut geçen ýylyň özünde hem syýahatçylyk zolagynda akwapark hem-de “Awaza” şypahanasy açyldy. Olaryň açylanyna heniz kän wagt bolmasa-da, bu ýerler halkyň göwnünden turdy. Ähli amatly şertleri özünde jemleýän bu syýahatçylyk zolagy göreni haýrana goýýar.

Halklary syýahatçylygyň üsti bilen jebisleşdirmegi maksat edinýän milli Liderimiziň tutumly başlangyçlary rowaçlyklara beslensin! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

2_13

 

3_11