Dünýä taryhynyň Beýik Jahan döwleti

(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

 

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň taryhyny has içgin öwrenen alymlaryň biri S.Agajanow soltan Mälik şanyň döwletdäki kämil dolandyryş ulgamy döredişi we döwleti edara edişi barada orta asyr ermeni taryhçylarynyň işlerine salgylanyp, örän gyzykly maglumatlary berýär. Döwletiň maliýe ulgamyna, aýratyn-da, girdejiler we çykdajylara gözegçiligi alyp barýan we onuň işi bilen meşgullanýan «Diwan-i istifanyň» çägi has hem giňeldilýär we onuň ygtyýarlyklary artdyrylýar. Bu diwanyň başynda duran, soltanyň ýakyn garyndaşy (ady görkezilmeýär) «Mustaufi» derejesindäki adam diňe soltana hasabat berýär. Maglumatlardan mälim bolşy ýaly, soltan Mälik şanyň Nişapurdaky köşgüniň golaýynda «Diwan-i istifany» alyp barýan «Mustaufiniň» hem ýörite kabulhanasy gurulýar.

Bu ýagdaýlar bolsa düşündiriş talap etmezden, bu diwanyň soltan Mälik şa tarapyndan ygtyýarlyklarynyň artdyrylandygyndan habar berýär. Orta asyrlaryň meşhur türkmen taryhçylarynyň biri Ýazyjy ogly Aly soltan Mälik şanyň geçiren özgertmeleri (reformalary) barada maglumatlar bermek bilen, onuň döwleti adalatly we ynsanperwer dolandyryşy hakynda aýratyn belleýär.

Soltan Mälik şa, ilkinji nobatda, goşun we harby özgertmesini üstünlikli amala aşyrdy. Döwletiň harby goşun kuwwaty öňküsindenem artdy. Şondan uzak wagt geçmänkä, soltan Mälik şa ykdysady özgertmeleri amala aşyrdy. Bu özgertmeleriň çäginde, ilkinji bellenmeli ýagdaý döwletiň kämil maliýe ulgamy döredildi. «Diwan-i istifanyň» başynda durýan «Mustaufiniň» hem kanuny ygtyýarlyklary artdyryldy. Döwletiň girdeji we çykdajy işleri berk gözegçilige alyndy we soltan bu işleri özüniň iň ynamdar adamlary bolan, ýakyndan tanaýan hem-de süýthorlugy, açgözlügi we parahorlygy bilmeýän, iň esasy zat hem, soltana wepaly adamlaryna bil baglady. Soltanyň «ganaty» we ynamdary bolan wezirler döwletde soltana wepaly gulluk etmäge döwtalapdylar. Döwletiň kuwwaty yklymlara ýaýrady, dinarlary, dirhemleri bazarlaryň nyrhlarynda esasy ölçeg boldy.

Ýokardaky orta asyrlaryň meşhur türkmen taryhçysy Ýazyjy ogly Alynyň maglumatlary beýik Seljuk türkmen döwletinde kämil döwlet edara ediş ulgamynda möhüm orun eýelän maliýe ulgamynyň hem ähmiýetini açyp görkezýär. Diýmek, döwletiň maliýe ulgamy belli bir derejede ýurduň ykdysady kuwwatyndan habar berýär.

Döwletiň çäginde hereket eden teňňeler (pul birlikleri) we olaryň görnüşleri.

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň esasy ölçeginiň biri bolup, onuň çäginde çykarylan (zikgelenen) pullardygyny orta asyrlaryň döwürdeş taryhçylary hem-de biziň günlerimiziň alymlary öz işlerinde belleýärler.

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe ulgamynda döwletiň soltanlarynyň adyndan zikgelenen (çykarylan) pullar ulanylypdyr. Bu pullar esasan hem altyn, kümüş, mis görnüşinde bolupdyr. Bu döwletiň çäginde we hatda sebitde hem beýik Seljuk türkmen döwletiniň dinarlary (altyn teňňeler), dirhemleri (kümüş teňňeler) we felsleri (mis teňňeler) ulanylypdyr. Diýmek, bu döwletde şeýle hümmetli teňňeleriň — pullaryň ulanylmagy belli bir derejede döwletiň ykdysady kuwwatyndan habar berýär. Bu döwletiň pullary — teňňeleri bilen döwrümiziň juda köp alymlary gyzyklanypdyrlar. Sebäbi orta asyrlaryň ykdysady we medeni taýdan iň bir kuwwatly döwletleriniň biri bolan beýik Seljuk türkmen döwletiniň teňňeleri ykdysady hümmetliligi, çeperçiligi taýdan juda kämil we özboluşly teňňeler hasaplanylypdyr. Beýik Seljuk türkmen döwletinden soňky döwürlerde taryhy arena gelen Köneürgenç türkmen döwletiniň hem teňňeleri özüne nusgalyk taýdan bu döwletiň teňňelerine meňzeş edilip zikgelenilipdir.