(Beýik Seljuk türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady gatnaşyklarynyň taryhyndan söhbet)

Beýik Seljuk türkmen döwletiniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen

şäherleri we kerwensaraýlary

 

Beýik Seljuk türkmen döwletinde uly şäherleriň biri-de, gadymy Amyderýanyň kenarynda ýerleşen Amul şäheridir. Bu ýere gelen söwdagär täjirleriň aglabasy, şäherde bar bolan bazarlarda söwda bilen meşgullanypdyrlar. Bu şäher barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde şeýle maglumat bar: «Hytaýdan günbatara sary ýola düşen kerwenler Buharadan geçip, Amyderýanyň üsti bilen Amula — Beýik Ýüpek ýolunyň gury ýer hem-de suw gatnawynyň çatrygyndaky iri merkeze gelipdirler. Amulyň orta asyrlarda 200 gektara barabar meýdany bolup, şol döwürleriň belli şäheri Parižiň meýdany hem şol ululykda ekeni».

Amul Beýik Ýüpek ýolunyň Gündogardan Samarkant, Buhara şäheriniň üsti bilen gelýän merkezi şahasynyň Amyderýadan geçilýän güzeriň ýanynda ýerleşipdir. Demirgazykdan Amyderýany ýakalap Köneürgençden gelýän ýol Amulyň üsti bilen, günorta tarapa, ýagny Zemm (Atamyrat), Andhoý, Şapurgan şäherlerinden geçip, Balha barypdyr. Balhdan bir ýol Termeziň üsti bilen Çaganian we Huttal welaýatlaryna, ikinjisi günorta tarapa — Hindiguş daglaryny aralap, Bamian, Kabul, Jelalabat şäherleriniň üsti bilen, Hindistana barypdyr.

Amul şäheriniň daşky diwarlarynda üç sany: demirgazyk, gündogar we günorta derwezeleri bolupdyr. Şäheriň daş-töweregini rabad (ýanjoýa) gurşap alypdyr. Bu ýerden tapylan köpsanly tansyk gap-gaçlary özboluşly nagyşlanypdyr. Olaryň içki we daşky taraplary geometrik hem ösümlik häsiýetli nagyşlar bilen bezelip, syrçalanypdyr. Tapyndylaryň arasynda çüýşeden, daşdan we metaldan ýasalan önümlerde bar. Orta asyrlarda ýaşap geçen arap awtorlarynyň (Belazuri, Ibn Hordadbeh, Istahri, Ýakut) maglumatlaryna görä, antik döwründe dörän bu oba IX–XI asyrlarda meýdany 175 gektar bolan köp ilatly, uly şähere öwrülipdir.

Taryhy çeşmelerde «Amul» adynyň bu adyň başga, ýagny Amuýýa, Amuýýe ýa-da ýöne Amu hem-de Eýran Tabarystanynda ýerleşýän Amuldan tapawutlandyrmak üçin aýdylan Jeýhunyň Amuly, Zemmiň Amuly, Kenar Amuly, çöl Amuly ýaly görnüşleri-de duş gelýär. XV asyryň aýaklarynda Amul ady Çarjuý — «dört akym» ýa-da Çaharjub ady bilen çalşylypdyr. Şähristanyň demirgazyk-günbatar burçunda ýerleşen meýdany 7,5 gektardan uly bolmadyk Ark aýratyn orun tutýar. Ol daş-töweregini gurşap alan galanyň derejesinden 13 metr ýokary galdyrylan emeli depäniň üstünde gurlupdyr. Galanyň daşyna aýlanan diwar 5 sany diň bilen berkidilipdir. VIII-IX asyrlarda emele gelen şäheriň şeýle gurluşy tä XIX asyra çenli saklanyp galypdyr. XX asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda bu ýerde arheologlar tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilipdir. Şähristanyň instrumental çyzgysy düzülip, häzirki taryhy-medeni goraghananyň çäkleri kesgitlenipdir, şäher ilatynyň maddy medeniýetine degişli täze tapyndylar ýüze çykarylypdyr.