DURMUŞ PELSEPELERI

 

     Gözüň görmeýänini ýürek duýýar.

                 ***

 

    Umyt — bu ýaşaýşa bolan çäksiz höwes.

                 ***

Akmak adam akyllysyrap, özüniň akmaklygyny hemmelere äşgär edýär.

 

                 ***

Durmuşymyzda gabat gelýän hasratly wakalar bize käbir zatlary aýdyňlaşdyrmaga ýardam edýär.

                 ***

Galp baýlyk adamy käbir ýerlerde gözsüz batyr edýär.

                 ***

Adam başarjak işlerinden başarmajak işlerine has köp baş goşýar.

                 ***

Ýerine ýetirýän işinden ruhy lezzet almaýan adamlar, üstünlige ýetmekden binesipdirler.