Okuwçylaryň tomusky dynç alyşlary paýawlap, täze okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyjy günler galdy. Zähmet rugsady döwründe öz çagalarynyň mekdebe taýýarlygyny derhel «soňa» goýup, dynç alan ata-eneleriň, zerur harytlaryň gözleginde bolup mekdep bazarlaryna we söwda nokatlaryna gyzgalaňly ýörişi başlanýar.

Mekdep torbalary, depderler, kostýumlar, galamlar. Bu köp görnüşli çaga harytlary şu günki gün Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, uzak oba ýerlerinde giňişleýin satuwa çykaryldy. Ýurdumyzda dört ýüzden gowrak söwda nokatlary hereket edip, mekdebe degişli zerur harytlaryň hemmesini satyn almak bolýar.

Şu ýylda türkmen önüm öndürijilri we telekeçileri el ýeterli baha bilen mekdebe degişli harytlaryň giň görnüşlerini taýýarladylar. Meselem: mekdep egin-eşiklerini «Ýeňiş», «Gala», Jinsi toplumy ýaly meşhur şereketler we toplumlar öndürdiler.

Çagalaryň mekdep we sport aýakgaplaryny «TG Aýakgap», «Röwşen» fabrikleri we «Türkmen Galkan» kärhanasy öndürip bazarlara çykardy.

Okuwçy depderleriniň, gündelikleriniň, surat depderleriniň we ş.m. aladasyny bolsa Lebap welaýat we hususy çaphanalar aladasyny etdiler.

Daşoguzyň «Çeper» tikinçilik fabriginiň öndüren okuwçy torbalarynyň tapgyry mekdep bazarlaryna ilkinji gezek goýberiledi.

Köp ýyllaryň däplerine göra «Galam» şereketi okuwçylar üçin öndüren önümlerini hödürledi. Olaryň ýene bir täzeligi – onlaýn-magazini işleýän we öý hojalykçy ata-eneler üçin sowgat boldy.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň başyndan bäri internet-magazin ýurdymyzyň hemme sebitlerine hyzmat edip gelýär. «Galam» şereketi el telefonlar üçin hem el ýeterlidir.

Şeýle-de, häzirki mekdep bazarlarynda bolan täzelik «Gündogar şöhlesi» şereketiniň öndüren şarikli ruçkalarynyň täze görnüşiniň peýda bolmagy bilen bagly boldy. Steržinsiz ruçkalaryň köpçülikleýin goýberlişini özleşdirip, iň talapkär alyjylaryň hem islegini kanagatlandyrýan kärhana Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär.

Mekdep bazarlarynyň iň gyzgalaşly döwri dowam edýär. Häzirki birinji synpa barýan çagalara bolsa synp otagynda «Agzybirlik tilsimaty» hususy kärhanasynydan ýurdumyzda öndürilen müňlerçe netbuklar we beýleki sowgatlar garaşýar.