Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Marşal adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtomobil benzinini, uçar ýangyjyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Täjigistanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) hem-de agyr wakuum gazoýli satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň işewürlerine float aýnasy, nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de buýan köküniň ergini ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 31 million 712 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Ermenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 39 million 270 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen plýonkasyny satyn aldylar. Geleşigiň bahasy 3 million 700 müň manada deň boldy, daşary ýurt puluna bolsa jemi bahasy ABŞ-nyň 541 müň dollaryndan gowrak portland sement ýerlenildi.