EL  HÜNÄRI — IL  GEZER

                                 

Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň çeken keşdeleri, gaýan gaýmalary durmuşda öz mynasyp ornuny tapyp gelýär. Gelin-gyzlaryň kürteleridir donlary, owadan nagyşlanan ýakalary olaryň gözelligine gözellik goşýar. Şeýle gözellikler türkmen zenanlaryna diňe bir bezeg bolman, eýsem, eli çeperligiň beýany bolup, olaryň mertebelerini hem belende göterýär.

Ýaş gyzlara zenan maşgalanyň el işleriniň dürli görnüşlerini we olaryň tikiliş usullaryny öwretmek eneleriň, mugallymlaryň paýyna düşýär. Ynha biziňem bilesi, öwrenesi gelýän ýaş gyzlara el keşdelerimiziň tikiliş usulyny öwredesimiz gelýär. 

Şol el işleriniň tikiliş usullary öwrenilende, ilki bilen, “keşde iňňe” diýlip atlandyrylýan inçeräkden gysgarak iňňäni saýlamaly. Haýsy elkeşdäni tikmekçi bolanyňda hem ýörite keşdä niýetlenen matany alyp, tikmekçi bolýan nagyşlaryňa görä biçmeli. Soňra dürli reňkdäki ýüpek sapagy inçejik edip, işmeli. 

Iňňä sapak sapyp, matadan sag eliň bilen geçirip, şol sanjan ýeriňden çep eliň başam barmagy bilen tutup, sapagy barmagyň daşyndan aýlanyňda, keşde — halka emele gelýär. Şol halkany sypdyrman, her gezek keşdäniň — halkanyň içinden iňňäni ildirip, soňra saga we çepe gezekleşdirip sapagyny jebis basyp tikmeli. Şeýdip, işlenende keşde tekiz, owadan bolýar. 

“Guşgözi” nagşyny öwreneniňde iňňäni matadan sanjan ýeriňden tegelek aýlap tikmeli. Taýyn bolandan soň ol, hakykatdanam, guşuň gözüne meňzeýär. “Köjüme” nagşy bolsa esasan-da, kürte, don keşdelenende köp ulanylýar. “Pökgüje” nagşy bolsa, ilki bilen, iňňede azajykdan sanjylyp, alan halkaňy artdyryp, ýarty ýaprak şekilli bolandan soň, şol halkaňy yzyna kemeldip gidibermeli. 

Esasy zat, şu ýokardaky keşdeleri öwrenip bilseň, islegiňe görä nagyşlary salmak özüňe bagly bolup durýar. Keşdeleriň birnäçe atlary bolup, olardan “Gülkeşde”, “Tegbent”, “Sekizkeşde”, “Byçgy”, “Kürte goçak”, başga-da şuňa meňzeş keşdeler enelerimizden bize geçip, häzirki wagtda-da gyz-gelinlerimiziň on barmagyndan sünnälenip çykýan dürli nagyşly ei işlerimizdir.

Türkmen gyzlarymyzdyr oglanlarymyzyň başlaryna bezeg berýän tahýalar hem owadan nagyşlar bilen tikilip, taýynlanýar. Tahýa tikilende, ilki bilen, tahýa niýetlenen ýörite matany alyp, ölçege görä biçmeli. Tahýanyň ilki aşaky bölegini keşde tikip taýynlap bolanyňdan soň, depesini oturdýan tarapyňdan dan almaly, depesi bilen gabat geler ýaly. Soň tahýanyň depesini taýynlamaly. Keşde bilen bezelen tahýanyň aşak tarapy bilen depesini birikdirip, ondan soňra şol birikdiren ýeriňi bildirmez ýaly “pökgüje” nagşy bilen keşdelemeli. 

Tahýalaryň tikiliş usulynda aýratynlyklar bolup, erkek adamlaryň tahýalary tapawutly bolýar. Sebäbi erkek adamlaryň tahýalary ak gaýmaly bolýar. 

Biziň enelerimizden şu günlere gymmatyny ýitirmän gelen milli mirasymyz bolan el işlerimiz türkmen zenanlarynyň bezegi, buýsanjydyr.