Ynsan hemişe bilmäge, öwrenmäge, kämilleşmäge ymtylýar. Bilimleriň çeşmesi bolan kitap adamlaryň dünýä akyl ýetirmegi üçin açylan gapydyr. Adamzat öz ösüşiniň uzak-uzak taryhynda gara güýje sežde etmekden söze, paýhasa sarpa goýulýan zamana geldi. Soňky eýýam adamzat jemgyýetiniň ösmegine, hil taýdan kämilleşmegine örän uly derejä eýe boldy. Ata-babalarymyz söze, paýhasa, bilim almaga hemişe teşne bolupdyr. Özüniň bäş müň ýyllyk taryhynda türkmen halky dünýäniň ruhy-medeni gymmatlyklaryna uly goşant goşdy.

Kitaphanalar gymmatly gazna, biziň häzirki döwrümizde kitaphanalar hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde. Kitaphanalaryň elektron ulgamy, ýagny elektron toplumlaryň bolmagy okyja kitap bermegiň usullaryny ýeňilleşdirýär. Ol kitaphananyň içki işlerinde hem ähmiýeti uludyr.

Ähli ugurlarda häzirkizaman ylmynyň gazananlaryny durmuşa geçirmek, jemgyýetimiziň häzirki döwürde «Elektron kitaphanalar» diýlip atlandyrylýan kitaphanalar, maglumaty saklamagyň hilini we görnüşini düýpgöter özgertdi.

Elektron aragatnaşyk ulgamy okyja dünýäniň islendik nokadyndan gerekli maglumatyny juda gysga wagtyň içinde almaga mümkinçilik berýär. Elektron kitaphanalaryň döredilmegi we habar beriş ulgamynyň ösdürilmegi bütin dünýäde işjeň alnyp barylýar.

Elektron kitap diýmek, elektron nusgada, ýagny «Sanly» görnüşde taýýarlanan kitapdyr.

«Elektron kitaphanalar» – bu maglumat beriş ulgamy bolup, ol maglumatyň elýeter üpjünçiligini döretmek üçin niýetlenendir. Bu ulgam gözlegiň tiz amala aşyrylmagyna şert döredýär we internet ulgamynyň üsti bilen dünýäniň islendik künjegindäki elektron kitaphanalaryndan erkin peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Elektron kitaphana ulgamy öz maglumat gorlaryny islendik ulgam bilen baglanyşdyryp biler. Emma munuň özi onuň olar bilen bitewüligini aňlatmaýar. Elektron kitaphana ulgamyny döretmekligiň maksady – habarlara we maglumat beriş gulluklarynyň ulgamlaryna köp ugurly çemeleşmäge mümkinçilik döretmekden ybaratdyr.

Bu bolsa biziň okamak we öwrenmek mümkinçiligimizi artdyrýar. Ata Watanymyzyň barha kuwwatlanmagynyň hatyrasyna gujur-gaýratyny gaýgyrmaýan milli Liderimize ak ýürekden alkyş aýdýarys.