ENEM KEÇÄNIŇ USSADYDY


Enemiň sallançak üwräp, ik egrip, bize durmuş sapaklaryny berip oturýan pursatlary kän bolýardy. Şol pursatlar goňşy boýdaş gyzlarymyz bilen enemiň berýän gyzykly gürrüňlerini diňläp, daşyny alyp oturardyk.

Bir gezek  gyzlar bolup enemiň ik egirýänine, ýüpüniň ýokaryk-aşak gidip, kömelek ýaly zadyň aýlanyşyna geň galyp, soranymyzda, enem güldi-de: “Bu aýdýanyňyza köneden gelýän ik diýilýär, onda ýüňden ýüp egrilýär”, diýdi.

— Ene,  ol   ýüpüň   nämeden taýynlanýar — diýip, sorag berdik. Enem bize, onuň düýe ýüňünden, goýun ýüňünden taýýarlanýandygyny aýtdy.

— Bular hysyrdyly iş. Ýüňleri gowy ýuwup, tüýdüp, darap, ondan soň eliň bilen uzyn sozuşdyryp, ige taýynlamaly, soň bolsa şeýdip, ikde egirseň ýüp emele gelýär. Düýe ýüňünden taýynlan ýüpümizden saçak, biliňe daňylýan guşak, durmuşa çykýan gyzlaryň dürli reňklerdäki saçbaglary, gotazlar, gözden-dilden gorasyn diýlip, owadanlanyp, örülip, goşaryňa dakylýan alaja, goýun ýüňümizden bolsa şarf, ellik, žempir, jorap we şuňa meňzeş zatlar taýynlanýar — diýip, bize enem howlukman birin-birin gürrüň berdi. Soňra bolsa ýene sözüni dowam etdi:

— Siz kän zat bilmeli, öwrenmeli. Goýun ýüňünden saýlama keçeler hem taýynlanýar. Keçe taýýarlamak gadym döwürlerden bäri arkama-arka geçip, şu günlere gelipdir. Keçe goýun ýüňünden taýýarlanyp, türkmen öýlerine gadymdan bäri bezeg berip gelýär.

Keçe taýýarlamak üçin, ilki bilen, ak, gara ýüňleri ýuwmaly, ondan soňra eliň bilen tüýtmeli. Tüýdüp bolanyňdan soň, ony gowy edip, saýmaly-da, darap, keçä taýynlamaly. Ak ýüňden keçä salynjak gülleriň reňkini gyzyl, mämişi, gök, ýaşyl, gülgüne reňklerde boýamaly.

Keçäni başlamak üçin dokalan gamyşy ýazanyňdan soň keçäniň gülüniň ýerini islegiňe görä, nähili gülleri salasyň gelse, ýerini bölüp çykmaly. Ýerini bölüp çykanyňdan soňra, eliňde gülleri taýynlap, gülläp başlamaly.

Biz eneme:

— Keçäniň gülüni başlamankaň öňünden taýynlap goýsaň bolmaýarmy? — diýip, sorag berdik.

— Gülli keçäniň dürli-dürli nagyşlary bar, belli bir güli salmakçy bolsaň, onda öňünden taýynlap goýsaň bolýar. Gülläp başlanyňda gülleri islegiň boýunça salmakçy bolsaň, onda gülüni üstünde taýynlap goýubermeli. Gülläp bolanyňdan soň, gülleriň daşyndan gara ýüň aýlap ýazmaly, oňa gyralyk diýilýär. Şol gyralygyň, gülüň ýüzüne ilki ak ýüň, ondan soň gara ýüň ýazmaly. Soňra gamyşa dolap, daşyny ýüp bilen daňyp, üstünden gyzgyn suw guýmaly. Ondan soň iki adam bolup, gamyşyň daşyna aýlanan ýüpden eýläk-beýläk gowy çekip, keçäni bişirmeli. Bişirip bolanyňdan soň, ýene-de örülen gamyşyň üstünde ýazyp, ilki bilen, keçäniň gyralary deň bolmadyk bolsa, onda gaýçy bilen gyrkyp deňlemeli. Ondan soň bolsa basyljak keçäniň ýüzünden gyzgyn suw guýup, inine seredip, gelin-gyzlar bolup, dikligine basylyp başlanmaly. Keçe basdygyňça girýär. Şonuň üçin dikligine basylandan soň keseligine hem hemme tarapy deň bolar ýaly basylmaly. Iň soňunda ýene-de dikligine basylyp, keçäniň ýüzi gyraw düşen ýaly bolanda, keçäniň boldum diýdigi — diýip, enem bize keçe taýýarlanyşyny uly höwes bilen öwretdi  hem-de keçe hakda gyzykly gürrüňleri berdi.

Şondan soň keçäniň taýýarlanyşy biziň aňymyzda galdy. Enem  bize:  “Hünäri öwren-de, ýigren” diýipdirler. Haýsy iş       bolsa-da, üns edip öwreniň! Durmuşyň öwrümli ýollary uzakdyr, şol ýollary geçip barýarkaňyz görüp-eşidenleriňiz, öwrenenleriňiz size uly kömek bolar” diýip, kän-kän öwüt ederdi.

 Enemiň öwreden işleri, beren gürrüňleri durmuşymyzda biz üçin terbiýe mekdebi boldy. Goý, her bir ene köneden gelýän mirasymyzy geljekki nesillerimize ýetirip, ýüreklerimizde baky ýaşasyn!