Etrabyň Watan rowaçlygynyň täze okuw ýylyndaky üstünlikleri

1_8     

   Bedew bady bilen öňe barýan ýurdymyz rowaçlygyň watany ýylynda işlerimiz barha rowaçlanýar. Ýolöten  etrabynyň  bilim  işgärleri  hem              2019-2020-nji  okuw  ýylyna  taýýarlyk  döwründe  özleriniň  mynasyp  goşantlaryny  goşup  irginsiz  zähmet  çekýärler.

Ýolöten etrabynda 48 mekdep bolup, onda 28700-den  gowrak okuwçy  bilim alýar. Eždatlarymyz: “Okatjak bolsaň okuwçy tapyň” diýipdirler. Bu asylly ýörelgeden ruhlanýan etrabyň bilim işgärleri etrap welaýat we döwlet derejesinde geçirilýän köpugurly bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Etrabymyzyň okuwçylary  etrap taslama we Altyn asyryň altyn zehinlileri atly bäsleşiklere gatnaşýarlar. 2018-2019-njy  okuw  ýylynda etrap möçberinde geçirilen bäsleşige  gatnaşan 9-11-nji synp okuwçylaryndan, dürli dersler boýunça 138 okuwçy baýrakly oruna mynasyp boldy we welaýat bäsleşigine gatnaşdy. Welaýatda etrabyň okuwçylarynyň  42 sanysy uly sylaglara mynasyp boldy. Döwlet möçberinde geçirilen bäsleşiklerde 12 sany okuwçymyz I, II, III baýrakly orunlara  mynasyp boldy. Mekdep okuwçylarymyz welaýat, döwlet derejesindäki bäsleşiklerden başga-da halkara olimpiýadalaryna hem işjeň gatnaşyp başladylar. Muňa mysal edip 2019-njy ýylyň aprel aýynda  Hindistan döwetinde  geçirilen halkara bäsleşiginde matematika dersi boýunça 40-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jumadurdyýew Baýram I orna mynasyp bolup, Altyn medalyň eýesi boldy.

Internet ulgamyndaky geçirilýän bäsleşiklerde  çykyş edip etrabymyzyň 33 okuwçysy dürli derejedäki  diplomlara mynasyp boldy. Etrabyň ähli mekdepleri täze tehnologiýa, interaktiw tagtasy bilen üpjün edildi. Mekdebe degişli okuw kitabyndan tä mekdebe gerekli enjamlar bilen üpjin edildi. Etrabyň ähli orta mekdepleri täze 2019-2020-nji okuw ýylyna doly taýýar edildi.

        Bilimler  we  talyp  ýaşlar  güni  etrabymyzyň  ähli  orta  mekdeplerinde “Türkmenistan  rowaçlygyň   watany”  atly  ilkinji  okuw  sapagyny  guramaçylykly  geçirmek  bilen,etrabymyzyň orta mekdeplerine 3600-den gowrak 1-nji synpa gelmeli çagalara Hormatly Prezidentimiziň sowgat berýän öwrediji kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

2_12