GADYMY MALDARÇYLYK DÄPLERI

glv

 

            

 

Çary Amangeldiýew

     Taryhy çeşmelerden görnüşi ýaly, ata-babalarymyzdan bize baý medeni mirasyň galandygyny bu günki gün göz ýetirýäris. Olary düýpli öwrenip, halka ýetirmek bolsa biziň özümize baglydyr.

     Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň gülläp ösmeginde maldarçylygyň uly orny bardyr. Eziz Diýarymyzyň çäginde irki döwürlerde ýaşan ata-babalarymyzyň esasy hünärleriniň biri bolan maldarçylygyň taryhynyň baryp-ha Göksüýri hem Jeýtun medeniýetleri bilen baglanşyklylygy belli edildi. Jeýtunda geçirilen gazuw agtaryş işlerinde maldarçylyk bilen meşgullanmak jeýtunlylaryň esasy käri bolupdyr.

     Maldarçylykda çarwa durmuşy gyzykly bolupdyr. Sahawatly sährany arzyly mekany hasaplan maldarlar däp-dessury hem saklapdyrlar. Çarwalar nesilme-nesil kärlerini ogul-gyzlaryna öwredipdirler. Ogullaryna çopançylygy, gyzlaryna bolsa goýun-geçileri sagmagy, olardan sargan, saryýag, mesge ýagyny, gatyk almagy ýaýmagy öwredip gelipdirler. Gelin-gyzlar düýe, sygyr sagypdyrlar.

     Çarwalar ýaşajyk oglanjyk sünnet edilenden bir aý geçensoň kellesi syrylyp, ak çägäniň üstünde bir özi oturdylyp, üstüne enelerinden seltelip aýrylan, täze dünýä inen 100-200 töweregi bolan guzyjyklary sürüpdirler. Oglanjyk şol  pursat gorkup aglaman, guzujyklaryň biriniň aýagynda tutup, saklasa onuň geljekde maljanly çopan bolup ýetişjekdigine buýsanypdyrlar.

     Arheolog Rabaýol Pampelli ХХ asyryň başlarynda Änewiň töwereginde gazuw-agtaryş işlerini geçirende bugdaý dänelerini we goýundyr geçileriň şekillerini tapýar. Mundan başga-da, Göksürüdäki “Molladepeden maldarçylyga degişli maglumatlaryň” tapylandygy üçin ol ýerler gadymy maldarçylygyň ösendigini aňladýar.

     Maldarçylyk üçin esasy zerur bolan zatlaryň biriniň suw bolandygy üçin halkymyz bu gymmatly baýlygy aýap saklap gelipdirler. Türkmenistan maldarçylygyň gadymy ojagydygy aýan bolýar.

     Maldarçylyk üçin esasy zerur zatlaryň biriniň suw bolandygy üçin halkymyz bu gymmatly baýlygy aýap saklamak we netijeli ulanmak üçin öri meýdanlarynda guýular gazyp, takyr ýerlerde ygalyň köp düşmegi bilen “Kakyň suwy” diýen emeli howuzlardan peýdalanypdyrlar. Takyrlaryň ýüzi örän gatydyr we beýikdir. Käbir takyrlarda hatda atyň toýnagy hem yz galdyrmaýar. Emma ygal köp düşende takyr diýseň ýumşaýar we şepbeşik batgalyk bolýar, töweregini çägelik depeler gurşap alan takyrlar suw toplaýar. Onuň suwy bulanyk bolsa-da süýji suwdyr. Çarwalar ol suwdan mallaryny suwa ýakmak üçin peýdalanýarlar. Takyrlarda ýörite suw saklar ýaly kaklar gazylýar. Hut şonuň üçin hem suwy aýap saklamak we eýeçilik gözi bilen netijeli ulanmak baradaky öwüt-ündewlerini, pähimlerini aýdymlara, rowaýatlara, nakyllara hem-de halk döredijiliginiň birnäçe görnüşlerine siňdirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Halk arasynda gadymdan bäri “Suw-ýaşaýşyň gözbaşy”, “Suw bar ýerinde, ýaşaýyş bar”, “Suw ekine hemdem, ýere melhem”, “Ýer görki suw”, “Suw akar-daş galar”, “Suw zer-suwçy zergär” ýaly aýtgylaryň döremegi suwuň gadyr-gymmatynyň nä derejede ýokary bolandygyna şaýatlyk edýär.

     Halkymyz agyz suwy üçin ýerasty kärizleri, guýulary gazyp peýdalanypdyrlar. Serhetabat etraby ozalky (Guşgy etraby) 1987-nji ýylda döredilýär. Etrap ýurdumyz boýunça maldarçylyk pudagy hasaplanýar. “Serhetçi”, “Çemenabat”, “Ýeňiş”, “Galaýmor”, “Guşgy”, “Saryja”, “Döwletli”, “Garaköl” maldarçylyk hojalyklary bolup, şol wagtlar garaköli goýunlaryň baş sany 350-400 töweregi bolupdyr. Häzirki wagtda “Saryja” maldarçylyk hojalygy Tagtabazar etrabynyň “Döwletli”, “Garaköl” maldarçylyk  hojalyklary bolsa Ýolöten etraplarynyň hasabyna goşuldy.

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe etrabyň maldarlary ýylyň-ýylynda öňde goýlan meýilnama abraý bilen hötde gelýärler. Garaköli mallar sowuga uýgunlaşyp, öri meýdanlarynyň ot-çöpünden geregini edinip, orta semizlikde saklanýar. Goýun-geçileriniň sagdyn bolmagynyň esasy sebäbi bolsa, olaryň dermanlyk ot-çöplerden geregini edinýänliginiň alamatydyr. Şeýle hem uzak öri meýdanlarynda her bir maldarçylyk hojalyklarynyň hersinde özlerine degişli guýulary bolup, suw nasosy arkaly mallar guýularyň suwundan gandyrylýar.

     Türkmen öri meýdanlary suwlulandyrylyş önümçilik birleşiginiň 3-nji bejeriş, ulanyş bölümi 1983-nji ýylda Serhetabat etrabynyň “Galaýmor” maldarçylyk bölüminiň çäginde işe başlady. Bu bölümden çuňlugy 50 metre barabar bolan çuňlukdan alynýan suw “Galaýmor” we “Çemenabat” maldarçylyk hojalyklarynyň öri meýdanlarynda bakylýan mallary suw bilen üpjün edip gelýär. Öri meýdanlara uzaýan turbalaryň esasy bölegi ýelim turbadyr.

     Hormatly Prezidentimiziň öri meýdanlary suwlulandyrmak baradaky aýdyň maksatnamalaryndan ugur alýan Serhetabatly maldarlar ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine döredijilikli zähmetleri bilen jogap berýärler.

2_15

 

3_13