Gadymy senetçiler şäheri Ulugdepä syýahat

Ahal welaýatynyň iň gyzykly taryhy ýadygärliklerinden biri-de Kaka etrabynda ýerleşýän Ulugdepe şäherçesidir. Onuň özboluşlylygy alymlara irki eneolit döwründen demir asyryna çenli (b.e. öňki IV-I müňýyllyklar) ýer astynda saklanýan syrlary açmaga kömek edýän tutuş Merkezi Aziýada iň çuňňur arheologik gatlaklarynyň bolmagydyr.

Bu şäherçe senetçilik bilen gyzgyn meşgullanypdyr. Bazarlarda dokmaçylaryň, demirçileriň, küýzegärleriň elinden çykan, biziň günlerimizde-de ýasalyş ussatlygy bilen haýran galdyrýan, çeper bezelen dürli önümler satylypdyr.

Ulugdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gadymy zatlaryň köpüsi Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň ammarlarynda saklanýar. Olaryň arasynda açyk öwüşginli geometrik nagyşly küýzejik, şeýle hem tutuş ýüzüne diýen ýaly ýukadan çalnan goňur gül bezegli ajaýyp terrakot stakanjyk-da bar. Bu zatlary ýasan ussalaryň hyýal baýlygynyň we gözüň gitjek estetik zowkunyň bolandygy duýulýar.

Ulugdepäniň ilaty alebastr mineralyndan ýasalan gap-gaçlary-da giňden ulanypdyr. Hekkaklaryň ýasan tekiz erňekli, tegelek düýpli käseleri daşyň sarymtyl öwüşginleri bilen ajaýyp öwşün atypdyr. Olary ulanmak amatly, özleri-de çydamly bolupdyrlar. Alebastr tebigatda giňden ýaýran zat, ony gaýtadan işlemek-de aňsat. Bir rowaýata görä, ol bu ady şatlyk bagyş edýän hudaý Bastyň saýasynda alypdyr. Alebastr önümleri bolelinligiň we oňat zowkuň alamaty hasaplanypdyr. Ýeri gelende aýtsak, rowaýata görä, alebastryň dermanlyk häsiýeti-de bolupdyr.

Ussa peçde bişirilen önümleri mineral we ösümlikden alnan reňkler bilen owadanlap, haly nagyşly terrakota urnalar bilen bezäpdir. Adatça, bu gadym döwürlerden bäri ýerli ilatyň söýgüsini gazanan gyzyl we gara reňklerdir. Terakotadan edilen mozaika köşkleriň diwarlaryny timarlamak, şeýle hem dürli sandyjaklary we gapyrjaklary bezemek üçin ulanylypdyr.

Gadymy senetçiler adamzadyň näzik taýpasyny-da unutmandyrlar. Aýallaryň hemmesi diýen ýaly joralarynyň öňünde wesmeçilik toplumy bilen öwnüp bilipdir. Şol döwürlerde aýallar sürme üçin ýukajyk bürünç ýapgylaryndan, ýakymly ysly tütetgi üçin nepis kosmetik çüýşelerden peýdalanypdyrlar. Aýallaryň boýnuny burum-burum bolup gidýän ýörite saýlanan ak kirişli daşlardan ýasalan monjuklar bezäpdir. Ussa taýýar önümiň estetik tarapyna üns bermek bilen, onuň çig malyny döredijilikli saýlapdyr.

Galada dokmaçylyk hem ýokary derejede bolupdyr. Ilatyň ýüň matany giňden ulanandygyny dokmaçylardan galan zähmet gurallary – dürli şekilli we dürli görnüşli aýakly ikler-de – subut edýärler.

Ulugdepe gazuw-agtaryş işlerinde tapylan atyň terrakota heýkeljigi şol döwürde kiçi plastika sungatynyň ýokary derejä ýetenligi bilen geň galdyrýar. Ujypsyz ölçeglerine garamazdan, heýkeljikde atyň gyrkylmadyk ajaýyp ýaly, gözleri we kiçijek gulaklary ap-aýdyň görünýär. Gadymy heýkeltaraşa telpek goýmaly – onuň gözi ýiti, eli çeper we atyň anatomiýasy boýunça bilimi aşa ýokary eken. Şol döwürde şäherçäniň ykdysadyýetinde iki we dört tigirli arabalaryň bolandygyny terrakota oýunjak teker-de tassyklaýar. Abraýly alymlaryň pikiriçe, kese simleri soýlan tigir baýramçylyk ýa-da söweş arabasynyň bir bölegi bolupdyr. Bu ýadygärligiň tapylmagy ençeme asyr mundan ozal gadymy Türkmenistanyň topraklarynda ata-babalarymyzyň ilkinjileriň hatarynda aty eldekileşdirip, öý haýwanyna öwrendiklerini ýene bir gezek tassyklaýar.

Muzeý ýygyndysynda takyk zoomorf plastikanyň gowy saklanyp galan nusgalary – itiň, öküziň we owlagyň palçykdan hem terrakotadan heýkeljikleri bar. Şular ýaly oýunjaklar şol döwürde-de ene-atalaryň çagalary ünsden düşürmän, alada bilen gurşap alandyklaryny görkezýär.

Ulugdepe ne az, ne köp, 4 müň ýyllap gurlupdyr we ösüpdir. Onuň watanymyzyň bereketli topragynda ýaşap geçen eždatlarymyzyň, ussatlaryň şäheri hökmünde berkarar bolmagyna taryhy ölçegler boýunça-da uzak wagt, şeýle hem ýerli senetçileriň zähmeti we zehini ýardam edipdir. Olar özleri hakda hatyrany aýdyň nusgalaryny şu günem Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynda görmek bolýan halk amaly sungatynyň bahasyna ýetip bolmajak önümleri görnüşinde galdyrypdyrlar.